Ï Täze filmler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze filmler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde görkeziler

view-icon 5172
Täze filmler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününde görkeziler

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi birbada birnäçe film çykarmaga taýýarlanýar. Geljekki filmleriň durmuş hakykatyna esaslanýan çuňňur ýordumlary adamlar, olaryň ykbaly we dünýämizi, taryhymyzy hem häzirki günümizi döreden işleri hakynda gürrüň berýär.

Bilşiňiz ýaly, geçmiş bolmasady, häzirki günem, geljek-de bolmazdy. Kinorežissýor Sahysalyh Baýramow filmde şu mowzukdaky pikirlerini beýan edýär. Häzirki wagtda ol «Daragt» atly çeper filmini döretmegiň üstünde işleýär.

Filmiň ýordumy Beýik Watançylyk urşy döwrüniň wakalarynyň töwereginde ýaýbaňlanýar we Watan goragçylarynyň paýyna düşen agyr synaglar barada gürrüň berýär.

Režissýor Arslan Eýeberdiýewiň täze çeper filminiň gahrymanlary geçmişe göz aýlap, taryh çarhynyň aýlanyşyny seljermäge synanyşarlar. «Wada» ady bilen düşürilen film maşgala, är-aýalyň arasyndaky söýgi, ata-enäniň çagalaryna we çagalaryň ata-enelerine bolan söýgüsi barada söz açmak bilen, dürli döwürleri öz içine alýar.

Režissýor Batyr Batyrowyň «Durmuş öwrümleri» atly gysga çeper filminiň işi iň soňky tapgyrda dowam edýär. Bu film-de Beýik Watançylyk urşy döwrüniň mowzugyna ýüzlenmek bilen, oba-şäherlerde zähmet çekenleriň agyr durmuşy barada gürrüň berýär.

Bulardan başga çeper-publisistik filmler-de taýýarlanýar.

Režissýor Sähra Guljanmämmedowa «Türkmen kalbynyň lukmany» atly çeper-publisistik filmi surata düşürmegiň üstünde işleýär.

Golaýda «Bagtyýar döwür» atly resminamalaýyn film surata düşürilip başlandy. Režissýor Isgendermuhammet Annamuhammedowyň bu eseri, häzirki zaman Arkadag şäheriniň gurluşygynyň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berer.

Ýurdumyzda öndürilen täze çeper filmleriň ilkinji görkezilişi her ýyl 27-nji iýunda bellenýän Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň gününe meýilleşdirilýär.