Ýaşy 18-e çenli türgenleriň arasynda Ulan-Batorda geçirilýän ilkinji Aziýa we Okeaniýa çempionatynda Türkmenistanyň ýetginjekler toparynyň hokkeýçileri iki ýeňiş gazandylar.
Halkara hokkeý federasiýasynyň (IIHF) howandarlygynda geçirilýän bu ýaryşa alty topar gatnaşýar. Bir aýlawly ýaryşda baýraklar ugrunda Eýrandan, Mongoliýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Tailanddan, Türkmenistandan we Özbegistandan ýetginjekler bäsleşýärler.
Birinji tapgyrda özbegistanly deň-duşlaryndan - 0: 5 (0: 2, 0: 1, 0: 2) hasabynda ýeňilenden soň, Guwançmyrat Jepbarowdan tälim alýan türgenler Tailandyň toparyny 4: 3 we Birleşen Arap Emirlikleriniň hokkeýçilerini - 7: 2 hasabynda utdular.
Tailandlylary ýeňmek ildeşlerimize ýeňil düşmedi. Oýnuň birinji ýarymy 1: 1 hasabynda deň tamamlandy. Ikinji 20 minutlykda türkmen topary garşydaşlaryndan rüstem gelip, 4: 3 hasabynda öňe saýlanyp, ikinji arakesmä çykdy. Serdar Durdyýew bilen Röwşen Aşyrow Elman Isaýewiň, Matweý Arhipowyň we Allan Muhyýewiň goldawy bilen garşydaşlarynyň derwezesine iki şaýba geçirdiler.
Jemleýji bölekde türkmen hokkeýçileri garşydaşlaryna hasaby deňlemäge maý bermediler. 29 urgyny gaýtaran «Oguzhan» klubundan derwezeban Taňryberdi Gujanjowyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynda oýnuň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edilmegi tötänden däldir.
Tailanddan üstün çykmagy ýetginjeklerimize indiki oýunda BAE-den deň-duşlaryny 7: 2 (2: 0, 1: 1, 4: 1) hasabynda ynamly ýeňmäge goşmaça güýç berdi. 2 şaýba geçiren we 2 şaýba geçirmäge ýardam eden «Şir» klubundan Matweý Arhipow Türkmenistanyň toparyndan duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. Röwşen Aşyrow hem iki şaýbany tora girizdi. Elman Isaýew, Alihan Aliskerow we Nazar Želtakow dagynyň hersi bir şaýba saldylar.
Galan duşuşyklar: BAE - Tailand - 6: 2, Mongoliýa - Eýran - 5: 0, Eýran - Özbegistan - 1:14, Mongoliýa - BAE - 10: 2, Tailand - Eýran - 8: 0, Mongoliýa - Özbegistan - 4: 7 hasabynda tamamlandy.
Şeýlelikde, üç tapgyrdan soň özbegistanly ýetginjekler 9 utuk bilen öňde barýarlar. Ondan soňky orunlary Mongoliýanyň, Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň toparlary eýeleýär, olaryň hersiniň 6 utugy bar. Tailandyň topary 3 utuk toplady. Eýranyň hokkeýleri häzirlikçe ýeke utugam gazanmadylar.
Aziýa we Okeaniýa ilkinji ýetginjekler (U18) çempionatynda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Şir», «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Oguzhan» klublaryndan 20 sany ýaş hokkeýçi wekilçilik edýär. Bu olar üçin ilkinji halkara ýaryşdyr, ol tejribe toplamakda we sport ussatlygyny ýokarlandyrmakda gowy mekdep bolar.