Ï Türkmen telekeçiliginiň ösüş tapgyrlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen telekeçiliginiň ösüş tapgyrlary

view-icon 2452
Türkmen telekeçiliginiň ösüş tapgyrlary

Mart aýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özüniň döredilmeginiň 15 ýyllygyny belleýär. Geçen döwürde döwletiň hemmetaraplaýyn goldawy bilen netijeli döwlet-hususy hyzmatdaşlygy ýola goýuldy. Türkmen telekeçiliginiň gerimi giňäp, ol hil taýdan ösdi, telekeçileriň sany barha artýar. Hususy pudagyň ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň, innowasiýa ösüşi, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we eksportyň ösüşini ýokarlandyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de täze iş ýerlerini döretmek ýaly milli ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmäge goşýan goşandy ep-esli artdy.

Birleşmäniň agzalary ýerli we halkara tejribeleri öwrenip, ýerli çig maldan peýdalanýarlar we ösen dünýä tehnologiýalary esasynda täze önümçilikleri döredýärler. Uly göwrümli ulag we gurluşyk taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler. 15 ýylyň içinde sarp edilýän harytlary öndürmekden we durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmekden, işewürligi we elektron söwdany ösdürmeklige, häzirki zaman sanly hyzmatlaryna çenli türkmen telekeçileriniň işleriniň gerimi has-da giňedi. Birleşmäniň 2023-nji ýylyň 17-23-nji marty aralygynda geçirilýän ýubileý sergisinde Türkmenistanyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň dürli ugurlarda gazanan üstünlikleri görkeziler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 10-njy fewralda geçirilen mejlisinde 2023-nji ýyl üçin ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň maksatnamasynyň esasy düzgünlerini belläp, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek we jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç we energiýa toplumyny hasaba almanyňda) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime çenli artdyrmak meýilleşdirilýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bazar ykdysadyýetine geçmegi yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistan hususy pudagyň ösüşindäki päsgelçilikleri we çäklendirmeleri aýryp, ahyrky netijede ykdysadyýetde döwletiň gatnaşmagyny azaldyp, hususy eýeçiligiň paýyny ep-esli ýokarlandyrmaga ymtylýar.

Hökümetiň şol mejlisinde sebitde iri taslamalaryň biri bolan Ahal welaýatynyň täze häzirki zaman dolandyryş merkezi − Arkadag şäheriniň şu ýyl birinji tapgyrynyň işe giriziljekdigi bellenildi. Arkadag şäherinde durmuş üpjünçiligi ulgamlary we hyzmatlary üçin sanly çözgütler, ekologiýa ölçegleri babatda dünýä şähergurluşygynda ösen tejribeleri öz beýanyny tapmalydyr. Ol BMG-niň ilerledýän durnukly, ýaşyl we sagdyn şäher nusgasyna laýyk gelmelidir. Ýurdumyzyň telekeçilik düzümleri hem bu özboluşly taslamanyň durmuşa geçirilmegine goşantlaryny goşýarlar.

Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary iki gatly kottejleriň 84-sini, ýedi gatly ýokary amatlykly jaýlaryň 24-sini we dokuz gatly ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň 24-sini, şeýle hem söwda-dynç alyş merkezini we 240 otagly myhmanhana gurýarlar. Gurluşyk işlerini taslamalary ýokary hilli ýerine ýetrimekligi tejribesi ýetik hususy kompaniýalar amala aşyrýarlar. TSTB-de habar bermeklerine görä, maýyplara özbaşdak hereket etmäge we islendik desga päsgelçiliksiz barmaga mümkinçilik berýän gurşaw döretmek üçin ýaşaýyş sebitlerinde durmuş infrastruktura düzümleri göz öňünde tutulandyr. Girelgeleriň öňünde ýörite enjamlaşdyrylan panduslar, göreji gowşaklar üçin reňkli we ýörite örtülen ýodalar we beýleki amatlyklar döredilendir.