Ï Türkmenistanyň futzal toparlarynyň ýylyň baş baýragy ugrundaky ýaryşy başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň futzal toparlarynyň ýylyň baş baýragy ugrundaky ýaryşy başlandy

view-icon 3576
Türkmenistanyň futzal toparlarynyň ýylyň baş baýragy ugrundaky ýaryşy başlandy

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň esasy milli futzal ýaryşy – ýurdumyzyň Super ligasy başlandy.

Futzal toparlarynyň sekizisi Türkmenistanyň çempiony adyny almak ugrunda göreşýär. Olaryň bäşisi – «Köpetdag», «Gümrükçi», «Senagatbank», «Migrasiýa» we «Milli Goşun» – Aşgabada, ikisi – «Deňizçi» we TNGIZT Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine hem-de «Turan» – Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýärler. Ýurdumyzyň demirgazyk sebtiniň furzal topary bassyr iki ýyl bäri futzal Super ligasynda çykyş edýär. Geçen ýyl bu welaýatyň topary «Daşoguz» ady bilen çykyş eden bolsa, indi ol «Turan» diýlip atlandyrylýar.

Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, toparlar öz aralarynda üç aýlawda duşuşarlar, noýabr aýynda bolsa ýeňiji aýan bolar. Oýunlar Daşoguzda, Aşgabatda, Türkmenbaşy şäherinde we Maryda geçiriler.

Ilkinji üç tapgyr Daşoguzda – «Garaşsyzlyk» stadionynyň sport zalynda geçirilýär.

Çempionaty «Turan» we «Deňizçi» açdylar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň toparyndan şu möwsümde Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebinde tälim alan güýçli oýunçylaryň ikisi 20 ýaşly goragçy Jasurbek Annamyradow we geçen ýylky Superiada bombardirleriň arasynda ikinji orna düşen 21 ýaşly Hamit Meňlibaýew AFK-nyň futsal topar çempionatynda ilkinji gezek çykyş etmegi göz öňünde tutýan Türkmenistanyň çempiony «Deňizçä» geçdiler.

Superliga-2023-iň ilkinji pökgüsi «Deňizçi» bilen «Turanyň» duşuşygynyň eýýäm 30-njy sekundynda tora girizildi. Ony indi 4-nji möwsümde «Denizçi» toparynda oýnaýan Daşoguz şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň uçurymy 27 ýaşly hüjümçi Alişer Hudaýbergenow öz adyna ýazmagy başardy. Ol meýdançanyň çep burçundan urlan topy boş derwezä gönükdirdi.

Birinji ýarymyň dowamynda meýdança eýeleri pökgüni meýdançanyň gyrasyndan oýna girizdiler, şondan hem Didar Haýytow hasaby deňledi – 1:1. Arakesmä çykylmazdan öň, Maksat Mürjikow «Deňizçini» öňe çykardy – 2:1. Bu hasap ikinji ýarymyň ortasyna çenli saklandy. Ýöne ýurdumyzyň häzirki çempionlarynyň ussatlygy rüstem geldi, olardan Kirill Çaryýew bilen Kadyr Berenow tapawutlandylar. 4:1 hasabynda ýeňiş gazanan Türkmenbaşy Halkara portunyň topary ilkinji 3 utuk gazandy.

Olaryň yzysüre meýdança «Köpetdag» we «Migrasiýa» toparlary çykdylar. Şu ýyl wise-çempionyň tälimçisi çalşyldy. «Köpetdaga» oýnaýan baş tälimçi hökmünde Maksat Myradow ýolbaşçylyk edýär. Ol Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň toparyny bassyr iki ýyl kümüş medala ýetiren Ahmet Kerwenowyň ýerine geçdi. Möwsüm başlamazdan öň «Köpetdaga» «Gümrükçiden» hüjümçi Nepes Lalakow geçdi.

Oýnuň birinji ýarymynda Superliga-2022-niň iň köp pökgi geçiren oýunçysy Gurbanguly Sähedowyň we Mülkaman Annagulýewiň (jerime urgusyndan) salan toplary netijesinde 2:0 hasabynda öňe çykdy. Duşuşygyň ikinji ýarymynda ýagdaý düýpgöter üýtgedi. Ilki Abdylla Gurbansähedow jerime urgusyndan bir pökgi saldy, duşuşygyň tamamlanmagyna 3 minut galanda «Migrasiýa» hasaby deňledi – 2:2. Duşuşygyň ykbaly oýnuň ahyrynda çözüldi, Allamyrat Gurbanowyň dürs urgusy bilen «Köpetdag» 3:2 hasabynda kynlyk bilen ýeňiş gazandy.

Birinji tapgyryň beýleki oýunlarynda «Senagatbank» «Milli goşuny» – 4:1 hasabynda ýeňdi we «Gümrükçi» hem şeýle hasap bilen TNGIZT-ny utdy.

Ikinji tapgyrda Superligada ýeňiş gazanmaga esasy dalaşgärler «Deňizçi» bilen «Köpetdagyň» oýny ünsi çekdi. Bir-birine mynasyp garşydaşlaryň oýny deň derejeli boldy. Birinji ýarymyň ortasynda wise-çempionlardan Kerwen Annaorazowyň güýçli we takyk urgusy bilen hasap açyldy. Şol ýeke-täk pökgi hem «Köpetdaga» ýeňiş getirdi.

«Senagatbank» we «Gümrükçi» hem Superligada ikinji ýeňşini gazandylar. «Senagatbank» «Migrasiýany» - 3:1, «Gümrükçi» «Milli goşuny» – 7:1 hasabynda ýeňdiler.

Şeýlelikde, iki tapgyrdan soň «Gümrükçi», «Senagatbank» we «Köpetdag» 6 utuk bilen öňdeligi eýeledilediler. «Deňizçiniň 3 utugy bar. «Turan» we TNGIZT ikinji tapgyrda öz aralarynda 1: 1 hasabynda deň oýnadylar, netijede olaryň hersi 1 toplady. Entek utuk gazanyp ýetişmedik «Migrasiýa» we «Milli goşun» ýaryşda soňky orunlarda barýarlar.