Ï Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň sergisi guraldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň sergisi guraldy

view-icon 4627
Çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň sergisi guraldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda bu ýokary okuw mekdebiň altynjy ýyl talyplary Merdan Babajanowyň we Maksatmyrat Kanyýewiň suratlarynyň sergisi açyldy. Serginiň açylyşyna bu döredijilik ýokary mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Awtorlar özleriniň dünýä garaýşyny üýtgeşik beýan etmek bilen sergä gelenleri özüne çekýär. Suratlarda Nohur obasynyň sadaja bolsa-da, şahyrana görnuşi, Aşgabadyň häzirki keşbi, pasyllar çalşygynyň buşlukçysy – baglaryň suratlarynyň birnäçesi şekillendirilipdir. Merdan Babajanow we Maksatmyrat Kanyýew hemişe gözlegde. Olar suratkeşligiň ähli görnüşlerinde özlerini synap görýärler. Eden işlerinde-de üstünlik gazanýarlar.

Serginiň guramaçylary suratkeşleriň işlerini iki bölege bölmän, bir ýerde ýerleşdiripdirler. Adaty tomaşaça suratyň awtoryny kesgitlemek kyn bolsa-da, akademiýanyň mugallymy Annageldi Jumanyýazow islendik işiň awtoryny ýalňyşman agzaýar.

– Her bir nakgaşyň özüne mahsus tilsimi bolýar, ol ilki bilen reňklerde beýan edilýär – diýip, gürrüň berýär. – Maksatmyrat Kanyýewiň suratlary goýrasdan agras bolsa, Merdan Babajanowyň işleriniň reňkleri ýiti, şadyýan. Sungatda özboluşly usul näçe köp bolsa, şonça-da gowudygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory Nurýagdy Ýagşymyradow sergi barada öz pikirini aýdyp, şeýle diýdi:

– Akademiýanyň talyplarynyň, şol sanda Maksatmyrat Kanyýewiň we Merdan Babajanowyň döredijiligiň modernizm ýörelgesine eýerýändikleri begençli ýagdaýdyr. Olar reňk ulanmakda häzirki zaman surat usulyny milli däp-dessurlar bilen utgaşdyrýarlar. Olaryň şahsy döredijilik usuly hem göze ilýär.