Ï “Ýigit” hojalyk jemgyýeti “GLOBAL G.A.P SERT” güwänamasyna eýe boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti “GLOBAL G.A.P SERT” güwänamasyna eýe boldy

view-icon 6877
“Ýigit” hojalyk jemgyýeti  “GLOBAL G.A.P SERT” güwänamasyna eýe boldy

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýigit» hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda ilkinji bolup «GLOBAL G.A.P.» (Good Agricultural Practice — GAP) güwänamasyna eýe boldy. Bu öndürilýän oba hojalyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün edýän, şeýle hem hil taýdan we tehniki talaplara laýyk gelýändigini tassyklaýan bütin dünýä boýunça ykrar edilen standartlar ulgamydyr. 


Dünýäde ykrar edilýän “GLOBAL G.A.P.” standartlar ulgamynyň maksady azyk önümleriniň howpsuzlygyny, işgärleriň saglygynyň goraglylygyny we zähmet howpsuzlygyny üpjün etmekden, daşky gurşawy goramakdan ybaratdyr.

Bu güwänamany almak diňe bir ahyrky önümiň hiline baha bermek däl-de, önümçiligiň bütin aýlawyny öz içine almakdan ybaratdyr.

“Ýigit” hojalyk jemgyýetine hem “Standart Hyzmat” maslahatçylary bilen hyzmatdaşlykda ýyladyşhana toplumyndaky önümleriň hiliniň ýokarydygyny we azyk howpsuzlygynyň ýokary derejede öndürilýändigini tassyklap, Türkmenistanyň çäginde “GLOBAL G.A.P.” güwänamany ilkinji bolup eýelemek miýesser etdi.

“Ýigit” hojalyk jemgyýeti tarapyndan «Mahmal» haryt nyşanly pomidorlar ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki möwsümde bu ýerde 18 müň tonna pomidor hasylyny ýygnap almak göz öňünde tutulýar. Geçen ýylyň oktýabryndan häzirki wagta çenli «Mahmal» haryt nyşanly pomidorlaryň 7 müň tonnadan gowragy Russiýa Federasiýasyna we Gazagystan Respublikasyna ugradyldy.

Bu güwänamanyň eýesi bolmak “Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň oba hojalyk önümleriniň dünýä derejesindäki ady belli öndürijiler bilen bilelikde bäsdeşlige ukyplylygyny görkezýär.