Ï Türkmenistana täze ýük göteriji uçar gelip gowuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistana täze ýük göteriji uçar gelip gowuşdy

view-icon 4597
Türkmenistana täze ýük göteriji uçar gelip gowuşdy
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha pugtalandyrylýar. Hususan-da, milli raýat awiasiýasynyň uçar tehnikalarynyň täzeleri satyn alnyp, olaryň üsti ýetirilýär. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip gowşan ýük göteriji uçar ulgamyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Bu täze uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda çykaran degişli kararyna laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi bilen Fransiýa Respublikasynyň “Airbus S.A.S.” kompaniýasynyň arasynda iki sany “A330-200” kysymly “P2F” görnüşli ýük uçarlaryny satyn almak barada baglaşylan şertnama laýyklykda gelip gowşan ilkinji uçardyr. Ol Merkezi Aziýada ulanylýan şeýle görnüşli uçarlaryň ilkinjisidir.

Şeýle uçarlaryň satyn alynmagy ýurdumyzyň howa gämileri ulgamynyň tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak bilen birlikde, milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara howa ýük gatnawlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmaga, howa ulagy arkaly ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmaga, dostlukly hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin amatly şertleri döretmäge hyzmat eder.

Uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowraga barabar bolup, 60 tonna çenli ýük daşamaga niýetlenilen bu ýük göteriji täze howa gämisiniň satyn alynmagy yklymyň iri ulag-logistika merkezi, Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän esasy halka hökmünde Watanymyzyň eýeleýän ýörelgesini berkitmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn strategiýasyny durmuşa geçirmegiň ýolundaky nobatdaky ädimdir.

Şunuň ýaly ýük göteriji döwrebap howa gämisiniň ikinjisi bolsa ýurdumyza ýakyn wagtda getiriler.