Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň sebitlerdäki kärhanalarynda şypaly melhemleri taýýarlamakda netijeli işler alnyp barylýar. Şolaryň biri-de Balkan welaýat merkezi Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesindäki Bejeriş palçyklaryny we deňiz duzuny gaplaýan kärhanasydyr.
Bu agzybir kärhananyň hünärmenleri işläp başlan ilkinji gününden, ýagny 2014-nji ýylyň 7-nji oktýabryndan bäri geçen döwürde melhem palçyklaryny, deňiz duzuny öndürmekde köp öňegidişlikleri gazandylar. Kärhana her ýylda terapewtiki we kosmetiki önümleriň 400 müň gabyny, şol sanda dünýä belli Mollagara palçygynyň 200 müň gabyny, wulkan palçygynyň we deňiz duzunyň hersinden 100 müň gabyny öndürmeklige niýetlenendir.
Şeýle-de kärhana üç sany esasy bölümden-bejeriş palçyklaryny, deňiz duzuny gaplaýan hem-de hil barlag bölümlerinden ybarat bolup, olarda işler ýokary derejede guralypdyr. Bu ýerde Italiýa, Türkiýe, Ýaponiýa, Belgiýa, Fransiýa ýaly döwletlerden getirilen dürli görnüşdäki kuwwatly, kämil enjamlar işledilýär.
Palçyklar iki topara-gyrmança we wulkan palçyklaryna bölünýär. Gyrmança palçyklary boýunça Mollagara köli diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem bütin dünýäde hem meşhurdyr. Soňky ýyllarda bolsa Mollagara palçygynyň kosmetologiki häsiýetleri öwrenildi we onuň deri üçin juda giň ýaramly täsirleriniň bardygy anyklandy. Ol deride öýjük täzeleýji we gurplandyryjy, derasty gan aýlanyşygyny kadalaşdyryjy, ýüze näziklik beriji hem-de derini täzeleýji häsiýetleri ýüze çykarýar.
Balkan welaýatyň Esenguly etrabynyň çäginde ýerleşýän täsin wulkanlaryň palçyklarynyň hem kesel bejeriş häsiýetleri ýokarydyr. Wulkan palçyklarynyň düzüminde köp sanly gymmatly mikroelementler bolup, olar kosmetologiýada, lukmançylykda deri, ýürek-damar, içege, önelgesizlik kesellerini bejermekde giňden ulanylýar.
Kärhananyň bejeriş palçyklary bölüminde tebigy çeşmelerden getirilen palçyk ýöriteleşdirilen elegiň kömegi bilen daş, çäge böleklerinden, şol sanda beýleki garyndylardan arassalanýar. Soňra ol ýörite sorujylar arkaly arassalanan suw bilen gerekli derejede garylýar hem-de guýujy ulgama geçirilýär. Bölümiň önümçilik kuwwaty sagatda 600 gap taýýar önüme deňdir.
Deňiz duzuny gaplaýan bölümde hem duz ilkinji tapgyrda gerekli ölçege çenli owradylýar, soň ýöriteleşdirilen elekde magnitleriň kömegi bilen daş, metal we beýleki garyndylardan arassalanýar. Şol arassalanan duzuň bir bölegi ýörite basyşyň kömegi bilen gerdejik görnüşine geçirilýär. Gerdejiklere dürli derman otlar goşulýar, şeýle-de olara bejeriş häsiýetleri berilýär.
– Biz «Türkmenistanda öndürildi!» diýen nyşan bilen taýýarlanýan melhemlerimizi ýurdumyzyň şypahanalaryna, saglygy dikeldiş we bejeriş merkezlerine, hassahanalara, Saglyk öýlerine yzygiderli ugradýarys. Derde derman şeýle önümleri biz ýakyn geljekde daşary ýurtly sarp edijilere ibermegi hem meýilleşdirýäris,-diýip, kärhananyň ýolbaşçysy Wezirmämmet Kadyrow biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy.