Ï Bahar geldi Diýara!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahar geldi Diýara!

view-icon 6842
Bahar geldi Diýara!
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Milli bahar baýramy mynasybetli Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen suratkeşleriniň bahar paslyna bagyşlanan eserleriniň sergisi açyldy.

Serginiň merkezinde bahary alamatlandyrýan surat goýlupdyr. Onda bu baýramyň nyşany hökmünde içi maýsaly küýzeler şekillendirilipdir.

Ýarly Baýramowyň «Durnalar», Annadurdy Almämmedowyň «Nar güllände», Stanislaw Babikowyň «Güller», Kakabaý Gullaýewiň «Bahar baýramy», Gülzada Öwezowanyň «Manzar»,Gennadiý Brusensowyň «Gyzjagaz we towşanlar», Walentin Kudrýaşowyň «Parfiýa döwleti» suratlary we başga-da ençeme eserler sergä bahar ruhuny, mährini, terligini we tebigat tämizligini çaýdy.

Ýewgeniý Grişiniň «Gülälekler» işi serginiň golaýyndaky güller sergisiniň dowamyna öwrüldi, ondaky dürli röwüş gülleriň gözelligi bu ýere gelenleri haýrana goýdy.

Sergä özboluşly görk beren heýkeltaraşlyk eserleriniň arasynda Baýrammyrat Ataýewiň «Boýdaşlar», Juma Jumadurdynyň «Tans», Muhammet Ýazbaşewiň «Bahar baýramy» eserleri tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi.

Serginiň açylyş dabarasynyň hormatly myhmanlarynyň biri,Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we etnografiýa institutynyň işgäri Kakajan Baýramow bahar baýramyny türkmenleriň gadym döwürlerde-de belländigini, onuň döwrüne görä, «Täze gün», «Oguz güni», «Nowruz güni» diýlip atlandyrylandygyny gürrüň berdi. Bu baýram her bir öýe saba şemaly, gül gunçalary, keýpiçaglyk we geljege ýagşy umytlar bilen gelýär.