Ï Bahar paslynyň waspy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bahar paslynyň waspy

view-icon 5685
Bahar paslynyň waspy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Paýtagtymyzyň Sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň Milli bahar baýramyna bagyşlanan işleriniň sergisiniň açylyşy boldy.

Sergä hödürlenen suratlarda nakgaşlar tebigatyň bahar täzelenişine öz garaýşyny beýan edipdirler.

Dilýara Hojaýynowa «Etýud» atly işinde ýiti doýgun reňkleri ulanypdyr. Bahar ýagyşy jaýlaryň üçegini we daragtlaryň ýapraklaryny tämizläpdir, onsoň dogup gelýän Gün şöhleleri bilen obadaky ähli zadyň päkizeligi dürli reňklerde lowurdap dur.

Hurma Jumamyradowa «Bazar güni» atly üýtgeşik işini görkezýär. Ol torbadaky almalary şekillendiripdir – gabyň açyk reňkinden almalaryň reňki we göwrümi biraz üýtgäpdir. Bu üýtgeşik surat tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Aýjahan Babatajewa «Çeşme boýundaky zenanlar» atly suratynda baýramçylyk güni arassa bahar howasyndan dem almak üçin tebigata çykan şäherli bezemen aýal-gyzlary suratlandyrýar.

Enejan Öwezowa we Gülälek Täçmyradowa özboluşly gobelenleri sergide goýupdyrlar. «Tebigat» atly gobeleninde Enejan reňkleriň göze gelüwli sazlaşygy bilen tebigat gözelligini beýan edipdir. Gülälek bolsa açyk sary reňkde buýsançly günebakar suraty bilen tomaşaçylary geň galdyrdy.

Aýbibi Amangylyjowa bahar gelendigini has inçe duýan borly. Ol «Leýli-Mejnun» dessanyny ýada salyp, suratynda saba şemalyň mylaýym howasynda äpet gül üstündäki aşyk-magşugy şekillendiripdir. Çünki bahar ─ mähir-muhabbetiň joşýan döwri.

Paýtagtymyzyň Sergi merkeziniň bahar sergisinde ýakymly waka boldy - Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy Bäşim Nuraly adyndaky Höweslendiriji baýragy suratkeşleriň dördüsine gowşurdy. Bäşim Nuraly adyndaky Höweslendiriji baýrak 1992-nji ýyldan bäri her ýyl gowşurylyp gelinýär.

Türkmenistanyň halk suratkeşi keramikaçy Dursunsolmaz Muhammedowa, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri žiwopisçi Allamyrat Muhammedow, Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Amandurdy Meredow, Türkmenistanyň halk suratkeşi heýkeltaraş Gylyçmyrat Ýarmämmmedow şu ýylky baýraga mynasyp boldular.