Ï «Gerçek» aýakgap kärhanasy ýurdumyzyň bazarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Gerçek» aýakgap kärhanasy ýurdumyzyň bazarynda

view-icon 4647
«Gerçek» aýakgap kärhanasy ýurdumyzyň bazarynda

«Gerçek» hususy kärhanasy 8 ýyldan bäri Türkmenistanyň bazarynda öz önümleri bilen öňdäki orunlary eýeläp gelýär. Kärhana öz işine başlanda diňe bir sehden ybaratdy we önümçilikde 35 işgär işleýärdi. Kärhanada ýaz-tomus aýakgaplary öndürilýärdi.

Häzirki wagtda «Gerçek» diňe bir ýurdymyzda däl-de, eýsem daşary ýurtlarda giňden tanalýan öňdebaryjy kärhanasyna öwrüldi. 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende kärhananyň önümçiligi has-da artdy we giňedi.

Häzirki wagtda bu kärhanada 500-den gowrak işgäriň zähmet çekýän on bir ussahanasy bar, sintetiki we ekologiýa taýdan arassa önümlerden açyk we ýapyk aýakgap öndürmek, aýakgap bezegi üçin şaý-sepler we keşdeler öndürmek bölümleri açyldy.

Kärhana eýýäm ähli möwsümlerde 700-den gowrak aýakgap önümini hödürleýär – çagalar, dürli ýaşdaky erkekler we zenanlar üçin, sport, rezin aýakgaplar, mekdep torbalary we beýleki köp sanly önüm öndürmegi özleşdirdi.

«Gerçek» hususy kärhanasynyň hünärmenleri häzirki wagtda Aziýadan, Ýewropadan we Amerikadan getirilen enjamlary ussatlyk bilen dolandyrýarlar.

Kärhananyň önümçiligiň ygtyýarlylygyny we ekologik taýdan howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik berýän işleri guramak ýola goýlupdyr.

Häzirki wagtda ýyllyk önümçilik kuwwaty 22,5 million jübüt dürli görnüşli aýakgap bolan «Gerçek» hususy kärhanasy halkara aýakgap bazarynda özüni ygtybarly kärhana diýip ykrar etdirdi.