Ï Daşoguz welaýatynyň daýhanlary pagta ekişine taýýarlyk görýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary pagta ekişine taýýarlyk görýärler

view-icon 4929
Daşoguz welaýatynyň daýhanlary pagta ekişine taýýarlyk görýärler

Daşoguz welaýatynda howa şertleri sebäpli pagta ekiş ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda deňeşdirende, gijräk başlanýar.

Ýöriteleşdirilen oba hojalyk tehnikasynyň giň topary – şol sanda ýokary öndürijilikli «John Deere» kysymly häzirki zaman tehnikasy, «Monosem» kompanýasynyň traktorlary ekişe doly taýýar.

Şu ýyl demirgazyk sebitiň pagta meýdany 140 müň gektara barabar bolup, ondan 275 müň tonna «ak altyn» ýygnamak meýilleşdirilýär.

Akdepe, S.Türkmenbaşy we Boldumsaz etraplary sebitde bu gymmatly çig maly öndürijileriň iň irileriniň hataryna girýär.

Hasylyň esasyny synagyndan geçen ýerli howa şertlerinde iň amatly we berkligi hem ortaça süýüm hasyly boýunça dokma pudagynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrýan «Dogoguz-120», «Dogoguz-114», «Gubadag-3», «Jeýhun», «S4727», «F149», «Ýolöten-39» kysymly orta süýümli pagta görnüşleri düzer. Sebitde ýerleşýän pagta arassalaýjy kärhanalar tarapyndan taýýarlanan ähli tohum gögerijilik, sort arassalygy, talaba laýyklygy we beýleki häsiýetleri boýunça görkezilen ölçeglere laýyk gelýandigini degişli gulluklaryň barlaghanalarynda barlagdan geçdi. Kesellerden, zyýan beriji mör-möjeklerden we haşal otlardan ygtybarly gorag üçin dermanlandy.

Ekiş möwsümine gatnaşjak ähli gurluşlaryň utgaşykly sazlaşyp işlemegini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli guramaçylyk çäreleri görüldi, bu bolsa bol hasyl almak üçin möhüm bolan ähli ekiş amallaryny wagtynda ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.