Ï Türkmenistanyň türgenleri Taekwondo ITF görnüşi boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda 19 medala mynasyp boldular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň türgenleri Taekwondo ITF görnüşi boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda 19 medala mynasyp boldular

view-icon 5306
Türkmenistanyň türgenleri Taekwondo ITF görnüşi boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda 19 medala mynasyp boldular

Ýakynda goňşy we dostlukly ýurt Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde sportuň Taekwondo ITF görnüşi boýunça 1-nji Merkezi Aziýa çempionaty geçirildi. Ýaryşa Türkmenistanyň türgenleri hem gatnaşyp üstünlikli çykyş etdiler.

Sebit derejesinde geçirilen bu halkara ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş etmegi başaryp, dürli gymmatlyga eýe bolan medallaryň ençemesini gazandylar. Olaryň bellenen görnüşler boýunça degişli garşydaşlary bilen görkezen çykyşlarynyň netijeleri Watanymyzyň sportda gazananlarynyň üstüni ýetirdi.

Şeýlelikde, ýaryşyň umumy netijesinde, Türkmenistana wekilçilik eden taekwondoçylaryň topary 10 sany altyn, 2 sany kümüş, 7 sany bürünç medallary gazanmagy başardylar. Olar jemi 19 medal gazanyp Watanymyza dolandylar.

Bu üstünlik ýurdumyzda ussat türgenleri taýýarlamakda ähli tagallalary etmäge, giň şertleri döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň netijesidir.