Ï Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplar üçin fotosuratlar bäsleşigini geçirer
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplar üçin fotosuratlar bäsleşigini geçirer

view-icon 7216
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti talyplar üçin fotosuratlar bäsleşigini geçirer

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny «Pyragynyň zehini we ajaýyp türkmen tebigaty» atly fotožurnalistika bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Bäsleşik Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar.

Bäsleşik şu ýylyň 5-20-nji maýy aralygynda geçirilýär. Oňa ýokary okuw mekdebinde okaýan ugruna garamazdan fotožurnalistika bilen gyzyklanýan talyplar gatnaşyp bilerler. Suratlara iki ugurdan -žurnalistika fakultetleriniň we ýokary okuw mekdeplerinde beýleki ugurlardan bilim alýan talyplaryň işleri boýunça baha berler. Bäsleşige bir ýa-da birnäçe tematiki surat hödürläp bolar.

Suratlara şekiliň tema degişliligi, semantik manysy, reňkleriň we reňk öwüşginleriň sazlaşygy, suratyň düşüriliş usuly, bezeginiň özboluşlylygy, ozalky suratlaryň ulanylmazlygy ýaly talaplar bildirilýär.

Çärä gatnaşjaklar bäsleşigi guraýan uniwersitetiň resmi saýtynyň bäsleşikler bölüminde hasaba alynýar. Hasaba alnandan soň, oňa gatnaşyja şahsy belgisi berler (mysal üçin, 001), suratda şol belgini görkezmeli we iuhd.socialcontest@gmail.com elektron poçta ibermeli. Bäsleşige gatnaşan birnäçe surat iberýän bolsa, onda şahsy belgisine san goşulýar (mysal üçin, 001_1.jpg, 001_2.jpg we ş.m.).

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bäsleşige gatnaşmak üçin arzalary we awtoryň suratlaryny şu ýylyň 20-nji maýyna çenli kabul edýär.

Fotožurnalistika bäsleşigi ýaşlaryň tükeniksiz ylham çeşmesi, ahlak, watanperwerlik, gaýduwsyzlyk we ýaş nesil üçin nusgawy bilim mekdebi bolan nusgawy akyldar şahyryň döredijilik mirasyna islegini höweslendirmäge we ösdürmäge niýetlenendir. Şeýle hem bäsleşik has zehinli, başarnykly we döredijilik zehinli ýaşlary ýüze çykarmagy maksat edinýär.