Ï Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ähmiýeti barha artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ähmiýeti barha artýar

view-icon 2793
Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ähmiýeti barha artýar

2023-nji ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň deňiz portunyň halkara ýük daşalmgynda üstaşyr merkez hökmünde ähmiýeti hasam artdy. “Türkmenistanyň ulag we logistika merkezi” (TULM) açyk paýdarlar jemgyýeti, Hazar deňzine çykalgasy bolmadyk goňşy ýurtlardan üstaşyr ýük daşamaklygy amala aşyrýar. TULM Özbegistanyň “UzAVTO MOTORS” paýdarlar jemgyýetiniň ätiýaçlyk şaýlar ýüklenen konteýnerlerini Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen müşderisine – Azerbaýjan Respublikasynyň “AZERMASH SP” paýdarlar jemgyýete iberdi.

TULM, şeýle hem Aziýa – Ýuwaş umman sebiti – Hytaý – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe ugry boýunça ýük daşamagy ýokarlandyrmaga gönükdirilen CASCA + halkara multimodal daşamaklyk taslamasyna gatnaşýar. Ýakynda Özbegistanyň Almalyk dag magdanlaryny baýlaşdyryjy zawodynda öndürilen mis önümleri Sergeli gury ýer merkezinden Türkmenistanyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna konteýnerlerde getirildi. Konteýnerlere ýerleşdirilen ýükler, bu ýerden ýük gämileri bilen Azerbaýjana iberilýär, soňra Gruziýanyň Poti portundan geçip, Gara deňziň üsti bilen Ýewropa tarap ugradylýar.

Häzirki wagtda Gyrgyzystan Russiýanyň bazarlaryna girmek we özara söwdanyň möçberini artdyrmak üçin, Özbegistan, Türkmenistan, Hazar deňzi we Astrahanyň üsti bilen geçýän Günorta ulag geçelgesini döretmek meselesiniň üstünde işleýär. Habar beriş serişdeleriniň bellemegine görä, ýükleriň Türkmenbaşy portunyň üsti bilen Astrahana iberilmegi bilen şeýle geçelgäniň döredilmegi Gyrgyzystanyň ykdysadyýetiniň ösüşinde täze tapgyryň başlangyjy bolar.

Ýanwar aýynda Azerbaýjanyň ýük-ýolagçy paromy Ro-Pax “Zarifa Aliýewa” ilkinji gezek Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi. Gämi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna ilkinji gelşinde 16 ýolagçyny, 16 sany agyr ulagy we 20 sany ýük tirkegini getirdi.

Bu ýoly synagdan geçirenden soň, gäminiň geljekde günde bir gezek gatnamagyna garaşylýar. Häzirki wagtda eksport, import we üstaşyr ýükler Türkmenistandan Azerbaýjana we Türkiýä iberilýär.

Konteýner terminalynyň gümrük ammarynda harytlary saklamak baradaky teklip awtoulaglar we ätiýaçlyk şaýlary Türkmenistanyň çägine getirilende, şeýle hem Merkezi Aziýa we Ýewropa ýurtlaryna geçirilende, Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üstaşyr ýük daşamakdaky ähmiýetiniň artmagyna we port infrastrukturasyndan has doly peýdalanylmagyna hyzmat edýär. Portuň saýtyndaky maglumata görä, ýük Türkmenistana getirilende, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan salgydy tölemezden we ykdysady häsiýetli gadaganlyklary hem çäklendirmeleri ulanmazdan, gümrük ammarynda 3 ýyllap gözegçilik astynda saklamaga rugsat berilýär. Bu bolsa gümrük ammarynda saklanýan ýükleri portdan awtomobil, demir ýol we deňiz ulagy arkaly islendik tarapa ibermäge mümkinçilik berýär.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň gümrük ammarynyň esasy häsiýetleri:

– maddy-tehniki we tehnologiýa taýdan doly enjamlaşdyrylan merkez,

– ammaryň golaýynda ýerleşýän ýükleme-düşürme meýdançasy;

– giriş barlag ulgamy, ýangyn we gorag duýduryşlary, zerur bolan ýagdaýynda wideo gözegçiligi.