Ï Türkmenistanyň ulag işgärleri multimodal üstaşyr ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşyldylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ulag işgärleri multimodal üstaşyr ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşyldylar

view-icon 3872
Türkmenistanyň ulag işgärleri multimodal üstaşyr ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşyldylar

Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň wekilleri «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň binasynda multimodal üstaşyr ýük daşamagyň möçberini artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

«Türkmen Logistika» Assosiasiýasynyň saýtynda habar berlişi ýaly, ýygnaga gatnaşyjylara üçünji ýurtlardan Türkmenistana ýükler getirilende we Türkmenistanyň çägindäki ulaglara ýük ýüklenende haryt gymmatlyklary baradaky resminama we ýük awtoulaglarynyň eýelerine haryt daşamak üçin rugsatnamalar berlende «Türkmenulaggözegçilik» döwlet kärhanasynyň berýän ýeňillikleriniň şertleri barada habar berildi.

Bu çäre Türkmenistanyň demir ýol menzillerine ýa-da ýük meýdançalaryna girýän daşary ýurt ulaglaryndan alynýan ýygymlaryň ozalky arzanladylyşy ýaly, Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki gözegçilik nokatlarynda demir ýol menzilleriniň we ýük meýdançalarynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak maksady bilen geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar, şeýle hem, Assosiasiýa agza kompaniýalar – «Halkara Türkmen Logistik» Hojalyk Jemgietiniň Ahal welaýatynyň «Artyk» gümrük nokadynyň golaýynda guran hususy ýük meýdançasyna baryp gördüler. Ýakynda açylan meýdany 7,5 gektar terminalda ýük awtoulag duralgalary, demir ýol meýdançalary, ammarlar, edara jaýlary we başgada birnäçe binalar bar.

«Halkara Türkmen Logistik» HJ-niň Sarahsdaky serhet geçelgelerinde we Türkmenbaşy halkara deňiz portunda hususy ýük meýdançalary bar.