Ï Türkmenistanyň zenanlaryň arasynda geçirilýän futzal boýunça kubok ýaryşynyň ýarym finalçylary kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň zenanlaryň arasynda geçirilýän futzal boýunça kubok ýaryşynyň ýarym finalçylary kesgitlendi

view-icon 4412
Türkmenistanyň zenanlaryň arasynda geçirilýän futzal boýunça kubok ýaryşynyň ýarym finalçylary kesgitlendi
camera-icon
tff.com.tm

Zenanlaryň arasynda futzal boýunça Türkmenistanyň kubogyna dalaş edýänleriň sany dört topara çenli azaldy. Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilýän ýaryşyň hormatly baýragy ugrundaky göreşi indi «Olimp», «Altyn täç», «Balkan» we «Ahal» toparlary dowam etdirer.

Bu, toparlardaky jemleýji oýunlaryň netijeleri boýunça kesgitlendi. Ýarym finala «A» topardan «Daşoguz» we «Miras» (Lebap welaýaty) toparlaryny degişlilikde 15:0 we 7:0 hasabynda utup, «Olimp» (Mary welaýaty) bilen «Altyn täç» (Aşgabat) çykdy. «B» topardan bolsa bu üstünligi «Nokat» (Lebap welaýaty) we «Aşgabat» toparlaryny degişlilikde 3:1 we 1:0 hasabynda ýeňen «Balkan» bilen «Ahal» gazandy.

Birinji ýarym finalda «Olimp» we «Ahal», ikinjisinde bolsa – «Balkan» we «Altyn täç» oýnar.

Toparlarda soňky iki orny eýelän toparlar 5-njiden 8-njä çenli orunlar ugrunda bäsleşer. Deslapky oýunlarda ýaryşyň aşaky böleginde «Miras» – «Aşgabat» we «Nokat» – «Daşoguz» duşuşar.

Bäsleşik zenan toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futzal boýunça kubogynyň ýeňijisiniň kesgitlenjek jemleýji oýny bilen 27-nji martda tamamlanar.