Ï Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

view-icon 3276
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan işleriň ýerine ýetirilişi bilen bagly meselelere garaldy.

Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berildi. Häkim häzirki wagtda sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýa ideg etmek agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär, hususan-da, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Şeýle hem welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, onda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Welaýatyň sogan, ýeralma ekilen meýdanlarynda ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Şeýle-de häkim “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň talaplaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz gowaça ekişiniň guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de bugdaýa, ýazlyk ekinlere ideg etmek işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda alnyp barylmagynyň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi hem-de welaýatda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl gurlup ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalardaky ýerine ýetirilýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew welaýatyň ekin meýdanlarynda ýerine ýetirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, welaýatda gowaça ekişine guramaçylykly girişildi. Şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar, bugdaýa ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ýeralma we sogana ideg etmek işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýüpekçileri ýüpek gurçugynyň tohumlary bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda gurulmagy meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny belledi we häkime welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ýerine ýetirilýän ideg işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, ýeralma we sogana ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegi babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belläp, welaýatda şu ýyl gurlup ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly binalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegine berk gözegçiligi üpjün etmegi häkime tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, oba hojalyk işleri agrotehniki möhletlerde geçirilýär, hususan-da, bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Welaýatda gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri dowam edýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralma, sogana we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek işleri geçirilýär. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Mundan başga-da, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen işler barada hasabat berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, häzirki wagtda welaýatyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini, hususan-da, bugdaý, ýazlyk ýeralma we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlardaky ideg işlerini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi, welaýatda 29-njy martda badalga beriljek gowaça ekişiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew welaýatyň ekin meýdanlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem şu ýylyň pagta hasyly üçin gowaça ekişine guramaçylykly girişilip, ekişde ulanylýan oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär. Welaýatda ýazlyk ýeralmadan, sogandan ýokary hasyl almak üçin bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, pile öndürmek möwsümine taýýarlyk görülýär.

Şeýle hem häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň berk talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bugdaý, ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda ideg işleriniň hem-de gowaça ekişiniň ýokary hilli, öz wagtynda geçirilmeginiň zerurdygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde gowaça ekişine girişilip, şunda oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde işletmek, ekişi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Welaýatyň bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg işleri, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar, ýazlyk ýeralma, sogan we beýleki gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Mundan başga-da, häkim ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna hem-de Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda şu ýyl meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de welaýatda gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, bugdaý, ýazlyk ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy häkime tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan hem-de Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerine ýetirilýän oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň 24-nji martynda Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine guramaçylykly girişildi. Daşoguz welaýatynda bolsa gowaça ekişine şu ýylyň 29-njy martynda başlamak boýunça degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda, ekiş möwsüminde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň, daýhan birleşikleriniň hasabynda duran we gowaça ekişinde ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalaryny netijeli işletmek, pagtaçy daýhanlarymyzy ýokary hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek ugrunda degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Bugdaý ekilen meýdanlary bellenen kadalara laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak, haşal otlaryň we zyýan berijileriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça degişli işler dowam etdirilýär.

Mundan başga-da, wise-premýer ilatymyzy ýurdumyzda öndürilýän ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümler bilen üpjün etmek hem-de bu önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak maksady bilen, häzirki wagtda welaýatlarda ýeralma we sogan ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleriniň alnyp barylýandygyny, pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleriniň ýerine ýetirilýändigini habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň öňünde goýlan wezipeleriň çözülmegine toplumlaýyn we jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça ekişiniň agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana, beýleki gök-bakja ekinlerine ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, gowaça ekişini ýokary hilli we agrotehniki möhletlerde geçirmek, bugdaýa, ýazlyk ýeralma, sogana, beýleki gök-bakja ekinlerine talabalaýyk ideg etmek, pile öndürmek möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görmek babatda degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.