Ï «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» Halkara bäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» Halkara bäsleşigi geçiriler

view-icon 6060
«Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» Halkara bäsleşigi geçiriler

Türkmenistanda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygaryna bagyşlanan «Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar» Halkara bäsleşigine gatnaşjaklar kabul edilýär.

Halkara bäsleşigini Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi guraýarlar.

Bäsleşige başlangyç we orta hünärment mekdepleriniň okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, magistrantlary, aspirantlary (şol sanda ylmy derejä dalaşgärler), intern-lukmanlar we kliniki ordinatorlar, şeýle hem ylma höwesek zehinli we başarnykly 35 ýaşa ýetmedik ýaşlar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler:

- nanotehnologiýalar;

- himiýa tehnologiýalary;

- täze materiallary öwrenmek;

- energetika;

- biotehnologiýa;

-molekulýar biologiýa;

- oba hojalygy;

- ekologiýa;

- genetika ýaly ugurlardan taýýar awtorlyk ylmy-barlag işlerini tabşyrmaly.

Bäsleşige hödürlenýän işler 2023-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli scientificwork.tm@gmail.com elektron saýtynda kabul edilýär. Ylmy-barlag işleriniň ýanyna olaryň netijelerine berlen bahalar (ylmy makalalar, oýlap tapyşlar, önümçilik nusgalary, patentler, diplomlar we ş.m.) resminamalaryň göçürmelerini we ylmy işlere alymlaryň azyndan üçüsiniň oňyn synlaryny goşmaly.

Halkara bäsleşik iki tapgyrda geçiriler we şu ýylyň 10-njy oktýabryna çenli dowam eder. Birinji tapgyrda eminler ylmy-barlag işlerine gararlar, olaryň wajyplygyna baha bererler we onuň netijesinde ikinji tapgyra gatnaşjaklaryny kesgitlärler. Ondan geçen awtorlar bäsleşigiň indiki tapgyrynda onlaýn görnüşde işiniň temasyny we mazmunyny doly hem-de takyk açmak üçin işleri bilen tanyşdyrarlar.

Bäsleşige gatnaşýanlaryň çykyşlaryna bildirilýän talaplar bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynyň Geljekki çäreler bölüminde tanşyp bolar. Ondaky bäsleşigiň düzgünleri goşundyda oňa gatnaşyjylary hasaba almak üçin anketa, ylmy işiň baş sahypasyny taýýarlamagyň nusgasy we ony doldurmaga talaplar görkezilendir. Emin agzalary awtoryň eserlerine baha berende: teoretiki gözlegleriň çuňňurlygyny, synag işleriniň gerimini, işiň ylmy we amaly ähmiýetini, netijeleriň delillendirlişini, awtorlyk işiň möçberini, bäsleşige gatnaşýanyň saýlan temasy boýunça häzirki zaman ylmy gözlegleriň netijeleri bilen tanyşlyk derejesini, ylmy-barlag işiniň taýýarlanylyşy we beýan edilişi ýaly ugurlary göz öňünde tutarlar.

Halkara bäsleşigiň eminler toparyna Türkmenistandan we daşary ýurtlardan alymlar hem-de bilermenler wekilçilik eder. Bäsleşigiň netijeleri çäräni guraýjylaryň resmi saýtynda şu ýylyň oktýabr aýynyň ilkinji on günlüginde yglan ediler. Halkara bäsleşigiň ýeňijileri we onda baýrak alanlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň adyndan diplomlar hem-de gymmat bahaly baýraklar bilen sylaglanarlar.