Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi boýunça edarasynyň (ÝUNIDO), ýurdumyzyň nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň, KHBS-niň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.
Uniwersitetiň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň ýanyndaky täze tejribehananyň açylmagynyň öňýanynda çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary boldy. Olarda türkmen we daşary ýurtly kärdeşleriň birek-birege köpsanly gutlaglary hem-de hoşallyk sözleri ýaňlandy. Bu tejribehananyň açylmagy olaryň bilelikdäki oňyn işleriniň netijesine öwrüldi. Çykyşlaryň dowamynda milli bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen baglylykda, ony döretmegiň ähmiýeti hem-de wezipeleri nygtaldy, tejribehananyň enjamladyrylyşy we iş meýilnamalary barada gürrüň berildi.
Sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasy ylmyň we bilimiň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine goşant goşmaga gönükdirilendir. Öňde durýan maksatlaryň hatarynda nebitgaz ýokary okuw mekdebiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyplaryndan sowadyjy we kompressor maşyngurluşygy boýunça hünärmenleri taýýarlamak maksady bar. Bu ýerde sowuk bilen üpjün etmek we kondisionerlemek ulgamlary bilen işleýän hünärmenler hünär derejesini ýokarlandyrarlar, olary gaýtadan taýýarlamak we tassyklamak maksatnamasy dörediler. Ýaş hünärmenleri okatmak hem-de senagatyň dürli pudaklarynda tebigy sowadyjylary howpsuz ulanmaga we ozon gatlagyny goramaga gönükdirilen şoňa meňzeş beýleki döwrebap çeşmeleri öwrenmek – halkara derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolan bu taslamanyň ilkinji nobatdaky wezipesidir.
Türkmenistan Ozon gatlagyny goramak hakynda Wena konwensiýasyna we ozon gatlagyny weýran ediji maddalar boýunça Monreal teswirnamasyna gatnaşyjy döwletleriň hatarynda bolmak bilen, bu wezipeleri durmuşa geçirmäge ymtylýar hem-de halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär.
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan BMG-niň Senagat ösüşi guramasy (ÝUNIDO) bilen bilelikde, “Gidrohlorftoruglerodlardan ýüz öwürmek boýunça çäreleriň guramaçylyk meýilnamasynyň” taslamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň çäklerinde Ý.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde täze tejribehana peýda boldy.
Tejribehanada sekiz ugur boýunça okuwlar geçiler. Şolaryň hatarynda: tebigy sowadyjylarda işleýän sowadyjy enjamlaryň hyzmaty we tehniki hyzmaty, kondisionerlemegiň ýokary netijeli VRF we VRV ulgamlaryny gurnamak we hyzmat, kondisionerlemegiň we howalandyrmagyň durmuş, ýarymsenagat we senagat ulgamlaryny gurnamak, gözegçilik ulgamy we sowadyjylary toplamak, täzeden dikeltmek we ýok etmek, kondisionerlemek we howalandyrmak ulgamlaryny döwrebap derejede taslamalaşdyrmagyň esaslary hem-de hünärmenleri taýýarlamagyň beýleki wajyp ugurlary bar.
Ultradöwrebap tejribehana öňdebaryjy okuw maksatnamalary we amaly gurallar bilen üpjün edilipdir, onda okuwlary ýokary derejede geçmek üçin zerur bolan maddy-enjamlaýyn binýat döredilipdir. tejribehana iň täze synag geçiriji enjamlar bilen gurnalypdyr, olaryň ulanylmagy sowadyjy ulgamlaryň işiniň esaslaryny öwrenmäge, olaryň işiniň häsiýetnamalaryny seljermäge, emele getirji serişdelerini ýygnamaga, ulgamlary sökmäge we olary sazlap işe girizmäge, tehniki taýdan hyzmat etmek, ýa-da bejermek, näsazlygy düzetmek, kemçiligi ýüze çykarmak, kebşirlemek boýunça işleri ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Şeýle hem enjamlar, okuw häsiýetli türgenleşdiriji serişdeler sowadyjylaryň häzirki zaman görnüşlerini we häsiýetnamalaryny öwrenmäge, olaryň ýagdaýyny kesgitlemäge, dürli synaglary geçirmäge niýetlenilendir.
Rus inženerleriniň okuw interaktiw diwarlyklarynyň, ýöriteleşdirilen maksatnamalarynyň, türgenleşdiriji serişdeleriň awtorlary we olary işläp taýýarlaýjylary bolup durýandygyny bellemek gerek. Ylym-bilim ulgamynda Halkara nebit we gaz uniwersiteti Russiýanyň, Belorussiýanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, BAE-niň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Italiýanyň hem-de ençeme beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri, ylmy merkezleri bilen üstünlikli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk alyp barýar.
Ýurdumyzyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde sowadyjy we howa ulgamlarynyň tejribehanasynyň Türkmenistanda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda açylmagy özboluşly many-mazmuna eýedir. Ösüp gelýän nesilleriň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bilim almagy, ýokary bilimli, ösen dünýägaraýyşly, ukyply we zehinli hünärmenleri taýýarlamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.