Ï Türkmen agyr atletikaçysy üç altyn medal gazanmak bilen, 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda dünýä çempiony boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň agyr atletikaçysy üç altyn medal gazanmak bilen, 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda dünýä çempiony boldy

view-icon 5341
Türkmenistanyň agyr atletikaçysy üç altyn medal gazanmak bilen, 17 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda dünýä çempiony boldy

Agyr atletika boýunça Durres şäherinde (Albaniýa) dowam edýän ýetginjeklerikň arasynda (17 ýaşa çenli) geçirilýän dünýä çempionatynda türkmen türgeni Medine Amanowa üç altyn medal gazanmak bilen, «dünýä çempiony» diýen ada mynasyp boldy. Baýrak ugrunda 17 ýurtdan 18 agyr atletikaçynyň bäsleşýän ýaryşynda Aşgabat şäherindäki 104-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy bu ajaýyp üstünligi 59 kg çenli agram toparynda gazandy.

Medine alty synanyşygyň dördüsini üstünlikli ýerine ýetirdi. Beýany silterläp galdyrmakda (90), itekläp galdyrmakda (109 kg) we jemde (199 kg) bolan bu üstünlikler oňa üç altyn medal gazanmak üçin ýeterlik boldy. Netijede, ildeşimiz geçen ýylky dünýä çempionatynda bürünç medal gazanan Jessika Izabel Palasios Dahomesden (Ekwador) – 195 kg (88 + 107) 3 kg we ilkinji üçlügiň üçünjisi bolan Enkileda Karjadan (Albaniýa) – 187 kg (87 + 100) 12 kg öňe saýlandy.

2022-nji ýyl Medinede garyşyk duýgulary goýup gitdi. Meksikanyň Leon şäherinde geçirilen öňki ýetginjekler (17 ýaşa çenli) dünýä çempionatynda ol silterläp götermekde bürünç medal gazanyp (83 kg), itekläp götermekde yglan edilen agramlaryň hiç birini göterip bilmän tamamlady. Ýöne 2022-nji ýylda Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda M. Amanowa özi üçin täze bolan 64 kilograma çenli agram toparynda çykyş edip, jemi bäş medal gazandy. Bu ýerde şol bir wagtyň özünde dürli ýaşdakylaryň arasyndaky iki ýaryşda medal ugrunda bäsleşilýärdi. Gyzlaryň arasynda (17 ýaşa çenli) geçen bu ýaryşda şu agram toparynda baýrak ugrunda dört türgen bäsleşýärdi. Şonda Medine üç altyn medal gazandy – silterläp götermekde (85 kg), itekläp götermekde (104 kg) we jemi 189 kg. Indi 9 türgeniň medal ugrunda bäsleşen ýetginjekler (20 ýaşa çenli) arasyndaky ýaryşda Medine gazanan netijeleri bilen itekläp götermekde 5-nji orny eýeledi we iki bürünç medala mynasyp boldy – silterläp galdyrmakda we jemde.

17 ýaşly Medine agyr atletika bilen kakasy – Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň tälimçisi we Türkmenistanyň 17 ýaşdan geçmedik gyzlar ýygyndy toparynyň tälimçisi Gurbandurdy Amanowyň ýolbaşçylygynda meşgullanýar.

Ýetginjekleriň arasynda Albaniýanyň Durres şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň Amanowlaryň maşgalasy üçin örän üstünlikli bolandygyny bellemelidiris. Geçen dynç güni Medinäniň jigisi, 13 ýaşly Ogulşat Amanowa 17 ýaşa çanli agyr atletikaçylaryň arasynda 45 kilograma çenli agram toparynda dünýä çempiony diýen ada eýe boldy.

«Özümem agyr atletikaçydym, elmydama çempiontda medal gazanmak isleýärdim, ýöne bolmady» diýip, maşgalabaşy Gurbandurdy Amanow gürrüň berdi. «Indi bolsa arzuwlarymy gyzlarymyň amala aşyrýandyklaryna guwanýaryn».

Agyr atletika boýunça bu gezekki ýetginjekleriň dünýä çempionatyna 57 ýurtdan 268 türgen gatnaşýar. Ýaryşlar 25-nji martda başlandy we 1-nji aprelde tamamlanar. Bu ýaryş her ýyl geçirilýän çäre bolup, Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) howandarlygynda geçirilýär.

Albaniýada geçirilýän ýaşlar dünýä çempionatyna Gurbandurdy Amanowyň we Ahmet Saryýewiň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň toparynda 9 agyr atletikaçy gatnaşýar.

Ondan öň toparymyzdan Perhat Bagtyýarow hem üç medala mynasyp boldy. 16 ýurtdan 18 agyr atletikaçynyň baýrak ugrunda bäsleşen 61 kilograma çenli agram toparynda Aşgabadyň «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy alty synanyşykdan dördüsini üstünlikli amala aşyrdy, şonda ol silterläp galdyrmakda (114 kg) altyn, iteklap galdyrmakda (144 kg) we jemde (258 kg) iki kümüş medal gazandy.

Türkmenistanyň topary üçin ýene bir medaly – bürünç medaly şu gün 64 kilograma çenli agram toparynda Gülälek Kakamyradowa gazandy. Ol gazagystanly Taisiýa Alekseýewadan (89 kg) bary-ýogy 1 kg, taýlandly Saetiýa Tanaporndan (93 kg) bolsa 5 kg az (88 kg) götermek bilen, birinji maşkdan soň üçünji orny eýeleýärdi. Ýöne Gülälek itekläp galdyrmakda bäşinji netijäni (101 kg) görkezdi we netijede 14 türgeniň arasynda 5-nji orny (189 kg) eýeledi.

Geçen ýyl Meksikada geçen hut şunuň ýaly dünýä çempionatynda çykyş etmek bilen, G. Kakamyradowa 59 kilograma çenli ýeňil agram toparynda 165 kilogram (silterläp galdyrmak – 74 kg, itekläp galdyrmak – 91 kg) netije bilen, dokuzynjy orny eýeledi.

Albaniýada geçirilýän dünýä çempionatynda baýraklaryň ýene bir toplumy ugrunda 67 kilograma çenli agramly agyr atletikaçylar bäsleşdier, bu ýaryşda biziň türgenimiz Didarbek Jumabaýew 229 kilogram (104 + 125) netijesi bilen 14 agyrlyk göterijiniň arasynda 12-nji orny eýeledi.

Şeýlelikde, bäş gün dowam eden bäsleşikden soň 10 medal (6 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç) gazanan Türkmenistanyň ýygyndy topary diňe 12 medal (7 altyn, 4 kümüş, 1 bürünç) alan Filippinler toparyndan yza galmak bilen 2-nji orny eýeleýär.

Dünýä birinjiliginiň alban münberine erkekler toparymyzdan Süleýman Japarow (96 kg çenli), gyzlar toparymyzdan bolsa Anamjan Rustamowa-da (81 kilograma çenli) çykmalydyr.