Ï Amandurdy Meredowyň ussahanasyndaky gülleriň demirden keşbi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Amandurdy Meredowyň ussahanasyndaky gülleriň demirden keşbi

view-icon 4821
Amandurdy Meredowyň ussahanasyndaky gülleriň demirden keşbi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Meşhur kompozitor Nury Halmämmedowyň dogduk obasynda onuň heýkeli oturdylypdyr, heýkeliň ýanynda bolsa demirden ýasalan ýumurtgaly durnanyň şekili bar. Bu heýkeliň awtory – Türkmenistanyň halk suratkeşi Amandurdy Meredowdyr.

Amandurdy Meredow oglan wagty ýeňil atletika meýil bildirýärdi, şonuň üçin-de ol geljegi uly türgen hökmünde sport internatyna okuwa girdi. Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymlary ýygy-ýygydan mekdep-internata myhmançylyga gelýärdiler. Amandurdy surat çekmek bilen şeýle bir gyzyklanýar welin, ýeňil atletikadan ymykly arany açýar. Bu mekdebi gutarandan soň, ol Türkmen döwlet çeperçilik mekdebiniň suratçylyk bölümine okuwa girýär.

Soňra Meredowyň döredijiliginde ynanyp bolmajak bir waka bolup geçýär: ol suratkeşlikden heýkeltaraşa, özi-de palçyk, agaç ýa-da daş däl-de, demir heýkeltaraşyna öwrülýär oturyberýär. Adatça, wagtyň geçmegi bilen, hünäri başga bolan suratkeşler şekil çekmek bilen meşgul bolýar, bu bolsa – tersine. 2015-nji ýylda paýtagtymyzyň Sergi merkezindäki uly sergide ol gülleri, teneçirleri we kebelekleri sergide goýdy, olar ägirt uly göwrümleri we özboluşly ýerine ýetirilişi bilen myhmanlaryň ählisini haýran galdyrdy.

Şu ýyl Türkmenistanyň halk suratkeşi Amandurdy Meredow dört suratkeşiň arasynda Bäşim Nuraly adyndaky höweslendiriş baýragyna mynasyp boldy.

Biz fotohabarçy Alekseý Gimalitdinow bilen suratkeşiň ussahanasyna baryp gördük. Gynansagam, ol ýerde ägirt güller bilen kebelekler ýokdy. Ussahananyň eýesiniň sözlerine görä, olar Ýaşlyk şäherçesinde ikinji öýlerini tapypdyrlar. Ýöne ol ýerde başga-da köp gyzykly sungat eseri bar eken. Mysal üçin, giriş gapysynyň ýanynda bir suwulgan diwaryň ýüzi bilen aşak süýşüp barýardy, otag gülüniň gür ýapraklarynyň arasynda bir totuguş gizlenip durdy, hažžyk bolsa aldym-berdimli söweşde ýylany bogup durdy, howuzdan gyzylinjikler uçup, asmana galýardylar. Bularyň bary we başga-da köp zat ussatlyk bilen metaldan ýasalypdyr.

Eýsem-de bolsa, iň gyzykly iş “uçýan halydyr”. Amandurdy Meredow bu işinde ýeliň güýçli hereketini görkezmegiň hötdesinden gelipdir.

Indi Amandurdy Meredow üçin metaldan zat ýasamak ýeterlik däldi, suratkeşiň zehini has köp zat – ýeli, ýagşy ... talap edýärdi.

Bir gezek Amandurdy Meredow Marydaky bir çaýhana baryp görüpdir. Ol ýerde suratkeş galam bilen köp eskiz çekipdir we tiz wagtdan ussahananyň diwarlarynyň birinde “Çaýhana durmuşyndan hekaýatlar” atly birgiden basma surat peýda bolupdyr. Bu gadymy edaranyň gahrymanlary Gündogar ýomagy bilen görkezilipdir: bu ýerde dynç almak, dostlaryň bilen duşuşmak we gyzykly adamlar bilen tanyşmak mümkin.

Suratkeşiň uly buýsanjy Ýaşlyk şäherçesindäki restoranyň ýüz bezegidir. Ol ýerde, hakykatdanam, haýran galdyryjy bir zat bar, gözenek metaldan ýasalan käbir giriş gapylarynyň beýikligi 7 metre ýetýär. Göz öňüne getirmegem kyn!

Amandurdy Meredowyň şägirdi – ogly Döwletgeldi bar. Çeperçilik mekdebini kitap grafikasy hünäri boýunça tamamlandygyna garamazdan, ol kakasynyň studiýasynda köp wagt geçirmek bilen, tejribe toplaýar. Diýmek, güller, durnalar, ýagyş we ýel Dowletgeldiniň işinde dowam etse gerek.