Ï «Ýedidogan» Türkmenistanda ekomedeniýeti ösdürýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Ýedidogan» Türkmenistanda ekomedeniýeti ösdürýär

view-icon 4274
«Ýedidogan» Türkmenistanda ekomedeniýeti ösdürýär

Türkmenistanda ekologik medeniýeti işjeň ösdürýän ilkinji hususy kärhanalaryň biri-de Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň ýakynda bolup geçen sergisine gatnaşan «Ýedidogan» kompaniýasygyr.

Ol özüni diňe kagyzdan gaplama önümleri öndüriji däl-de, eýsem daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak ýa-da aradan aýyrmak baradaky umumy maksat ugrunda işleýän kärhanadyr. Hususy kärhananyň ähli işgärleri ekologiýa goragy barada söhbetdeşlige, okuwlara we maslahatlara gatnaşýarlar, şeýle hem ýaşlaryň arasyndaky ekologik işjeňligi goldaýarlar. «Ýedi dogan» bilen saglygy we daşky gurşawy gorap saklalyň» diýen düşünje onuň işini kesgitleýän esasy ýörelgedir.

Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän «Ýedidogan» fabrigi daşky gurşaw üçin zyýanly gaplaryň ornuny tutup biljek ekologiýa taýdan arassa dürli önümi öndürýär. Bular elde göterilýän towly tutarly bukjalar, tutarsyz bukjalar, kagyz gaplary, agzy açyk haltalardyr. Kärhananyň önümleri gündelik durmuşda azyk saklamak we dürli önümlerii çalt we ygtybarly eltip bermek üçin giňden ulanylýar. Kagyz haltalar moda we bezeg serişdelerinden iýmit önümlerine, derman serişdelerine we elektron enjamlara çenli köp dürli harytlary daşamak üçin niýetlenendir. Kompaniýa tarapyndan öndürilýän kagyz haltalar önümleriň gurluşyk, nebit-himiýa, azyk, oba hojalygy we başgada birnäçe görnüşler üçin ulanyp bolýan ekologiýa taýdan arassa, döwrebap gaplamadyr..

«Ýedidogan» önümçilik üçin zerur çig maly halkara şahadatnamasy bolan öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalaryndan satyn alýar. Önümçilikde ulanylýan kagyz, ýelim we reňkler, iýmit önümleri, adam saglygy we daşky gurşaw üçin düýbünden zyýansyzdyr. «Ýedidoganyň» önümleriniň hiliniň ýokarylygyny ISO 9001:2015 halkara şahadatnamasy, azyk önümlerine laýyklyk şahadatnamasy, TDS şahadatnamalary we ygtyýarnamalary tassyklaýar.

Türkmenistanda bütindünýä ekologiýa taýdan arassaçylygy goldaýan bu kärhana «Ýedidoganyň» halk tarapyndan ulanylýan her önümini daşky gurşawy goramak we durnukly durmuş ýörelgesini ösdürmek boýunça umumy tagallalara goşant diýip, hasap edýär.