Ï Aşgabadyň «ArtIst» höwesjeňler teatry rus teatrlarynyň «Russiýadaky duşuşyklar» halkara festiwalynyň açylyşyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabadyň «ArtIst» höwesjeňler teatry rus teatrlarynyň «Russiýadaky duşuşyklar» halkara festiwalynyň açylyşyna gatnaşdy

view-icon 4708
Aşgabadyň «ArtIst» höwesjeňler teatry rus teatrlarynyň «Russiýadaky duşuşyklar» halkara festiwalynyň açylyşyna gatnaşdy

Sankt-Peterburgda Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda guralan rus teatrlarynyň «Russiýadaky duşuşyklar» ýubileý ХХV Halkara festiwaly öz işine başlady. Çäre dramaturg Aleksandr Ostrowskiniň doglan gününiň 200 ýyllygyna bagyşlandy.

2023-nji ýylda GDA ýurtlarynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Newada ýerleşýän şähere Arkalaşygyň 10 ýurdundan teatr toparlary geldiler. Festiwala gatnaşyjylaryň arasynda Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Türkmenistanyň, Abhaziýanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Belarusyň we Russiýanyň wekilleri bar.

Igor Annagylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Aşgabadyň «ArtIst» teatry bu festiwala ilkinji gezek gatnaşýar. Ýaş režisýor Mekan Jumabaýewiň Aleksandr Ostrowskiniň pýesasy boýunça sahnalaşdyran «Düşewüntli ýer» spektakly 10-njy aprelde sagat 19-da «Baltika öýi» teatrynyň Uly sahnasynda görkeziler.

Mundan başga-da, festiwalyň çäklerinde Ostrowskiniň eserleri esasynda Wladimir Maýakowskiý adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň (Duşanbe, Täjigistan) «Agtaran -tapar» , Ýerewanyň Konstantin Stanislawskiý adyndaky döwlet rus drama teatrynyň «Balzaminowyň öýlenişi» , Özbegistanyň Döwlet akademiki rus teatrynyň (Daşkent) «Bankrot, ýa-da Özümiziňkilerdir – oňuşarys» oýunlarynyň ilkinjy görkezilişi we spektaklaryň tomaşaçylara hödürlener.

Ostrowskiniň doglan güni, 12-nji aprelde F.A.Iskander adyndaky Döwlet rus drama teatry (Suhum, Abhaziýa Respublikasy) režissýor Irina Drýomowanyň sahnalaşdyran «Düşewüntli ýer» spektakly görkezer.

Daşary ýurtlardaky rus teatrlary assosiasiýasynyň işiniň çäklerinde gurlaýan «Daşary ýurtlardaky rus teatrlary rus medeniýet edarasydyr» IV Halkara maslahaty festiwalyň esasy çäreleriniň biri bolar.

Bir hepdäniň dowamynda festiwal meýdançasynda döredijilik duşuşyklary, ussatlyk sapaklary geçiriler we spektaklaryň inçi tilsimlerini ara alnyp maslahatlaşylar. Çäräniň ýubileýi mynasybetli «Ýigrimi bäş ýyl bile» atly GDA ýurtlarynyň rus teatrlarynyň spektaklarynyň fotosuratlar sergisi açylar, ol çärýek asyryň dowamynda teatrlarda goýulan iň şowly oýunlar barada gürrüň berer. Festiwal 16-njy aprelde tamamlanar.