Ï 2023-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2023-nji ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp

view-icon 7914

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan «Açyk gapylar» hem-de daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlyk syýasaty ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýär. Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda guralan köpugurly çäreler — iş duşuşyklary, syýasy geňeşmeler, işewürlik gepleşikleri ählumumy parahatçylygyň, durnukly ösüşiň bähbidine strategik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen geçiren duşuşygynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda türkmen-türk dialogyny ösdürmek, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

5-nji aprelde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň guramaçylyk mejlisinde geňeşiň kömekçi edaralarynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Saýlawlarda Türkmenistan 2024 — 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň işine hökümetara goldawy amala aşyrýan dolandyryjy edaranyň — ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen 5-nji aprelde geçiren duşuşygynda ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

6-njy aprelde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen sanly ulgam arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkadag şäheriniň açylyşyna taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň çäginde onuň ähmiýetini ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň TÜRKSOÝ bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem şol gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew bilen sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşykda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine seredildi.

10-njy aprelde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ilat gaznasynyň Türkmenistandaky edarasynyň ýolbaşçysy Aýna Seýitliýewa bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin tassyklanan ýurt boýunça hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Ilat gaznasy bilen hyzmatdaşlygyň meseleleri, şol sanda, ýaşlar syýasaty, gender deňligi, zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek, reproduktiw saglyk, maşgalany meýilleşdirmek ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

10-njy aprelde Daşary işler ministrliginde Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, ÝB-niň çäklerindäki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 13-14-nji aprelde Samarkant şäherinde türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek boýunça nobatdaky geňeşmeler geçirildi.

Şeýle hem şol ýerde Owganystan bilen goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşyjylar Owganystandaky häzirki ýagdaýlar, bu ýurtda içerki syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak, parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmek boýunça bilelikdäki işler barada pikir alyşdylar. Duşuşygyň jemleri boýunça Samarkant Jarnamasy kabul edildi.

15-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşlikleriniň barşynda köpugurly ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

17-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyklary boldy. Duşuşyklarda ähli ugurlar boýunça, şol sanda gaz, himiýa senagaty, ylym, bilim, lukmançylyk, sport, syýahatçylyk we medeni-ynsanperwer ulgamlarda köpugurly döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

17-nji aprelde Ženewa şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrler derejesindäki duşuşygyna gatnaşdy. Türkmen tarapy SPEKA-nyň taslama-maksatnamalaýyn işini amala aşyrmak üçin zerur bolan täze maliýe çeşmelerini emele getirmek, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň 25 ýyllygy mynasybetli BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyny taýýarlamak boýunça çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň SPEKA-nyň degişli ulag gaznasyny döretmek baradaky teklibi goldanyldy. Duşuşygyň netijeleri boýunça ministrleriň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.

Şol gün BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Tatýana Walowa, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen geçirilen duşuşyklarda Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň ugurlary, şol sanda halkara parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly energetika, ulag, sanlylaşdyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygy ýaly ugurlarda işleri işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Bütindünýä Intellektual Eýeçilik Guramasynyň Baş direktory Daren Tang bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda awtorlyk hukugynyň amala aşyrylyşyny we onuň goraglylygyny üpjün etmegiň tertibini düzgünleşdirýän konwensiýalary, ylalaşyklary, şertnamalary we beýleki köptaraplaýyn namalary durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere seredildi.

19-njy aprelde Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekili Hans Fridrih Şodder bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda raýatsyzlygy ýok etmek hem-de pasportlary gowşurmak boýunça bilelikdäki iş meýilnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy bellenildi.

20-nji aprelde Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda ähli ugurlar boýunça, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda aragatnaşygy ýola goýmak, şeýle hem halkara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol gün Daşary işler ministrliginde “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ulgamynda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki ýolbaşçy komitetiň mejlisi geçirildi. Onda BMG we onuň institutlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, hususan-da, howpsuzlygy üpjün etmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sanlylaşdyrmak, maglumatlary dolandyrmak, bilim, saglygy goraýyş ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

20-nji aprelde Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlary boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença bilen geçirilen duşuşykda öňüni alyş diplomatiýasynyň esasy gurallary boýunça pikir alşyldy, şeýle-de parahatçylygyň hatyrasyna Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogyny döretmek pikiri öňe sürüldi.

Şol gün Daşary işler ministrliginde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili hanym Teri Hakalanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň bilim, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi, suw we energetika meseleleri ýaly ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy nygtaldy. Ýaşlar syýasaty ulgamyndaky, “Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa” formatynyň çäklerindäki gatnaşyklar möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi.

Daşary işler ministrliginde ABŞ-nyň Ýaragly Güýçleriniň Merkezi serkerdeliginiň Baş serkerdesi general Maýkl Kurilla bilen 24-nji aprelde geçirilen duşuşykda maglumat howpsuzlygy boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebit meseleleri we Owganystandaky ýagdaýlar boýunça pikir alyşmalar gepleşikleriň aýratyn ugry boldy.

24-nji aprelde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentinde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda her ýylda geçirilýän ikitaraplaýyn syýasy geňeşmelerde Merkezi Aziýa we ABŞ üçin “C5+1” formatyndaky sebit diplomatiýasynyň goldanylýandygy tassyklanyldy. Howpsuzlyk, söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer ulgamlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Duşuşygyň netijeleri boýunça bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnama gol çekildi.

26-njy aprelde Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen “EKSPO — 2030” sergisini geçirmäge dalaşgärlik komiteti boýunça Italiýanyň ýörite ilçisi Romeo Orlandi bilen duşuşyk geçirildi. 2030-njy ýylda “EKSPO” Bütindünýä sergisini Italiýada geçirmek boýunça ýurduň dalaşgärligini öňe sürmegiň çäklerinde Italiýanyň konsepsiýasy bilen tanyşdyrmak duşuşygyň esasy maksady boldy.

Şeýle hem şol gün Daşary işler ministrliginde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen geçirilen duşuşykda medeni ulgamda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Konsertleri, iki ýurduň medeniýet we sungat wekilleriniň gatnaşmagynda beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

26-njy aprelde Daşary işler ministrliginde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen öňe sürlen Türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň strategiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň geçiren mejlisine degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda bu ulgamyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, olaryň ykdysady, medeni, ylym-bilim, sport we beýleki ulgamlardaky taslamalara daşary ýurtly deň-duşlary bilen bilelikde işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Şol gün paýtagtymyzda Türkmen bedewiniň milli baýramynyň öňüsyrasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIII mejlisi geçirildi. Bu forum dünýäniň dürli ýurtlarynyň atşynaslary, ugurdaş hünärmenleri, alym-atşynaslary we behişdi bedewleriň muşdaklary üçin netijeli hyzmatdaşlygyň, tejribe alyşmagyň meýdançasyna öwrüldi.

26-27-nji aprel aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde ýurdumyzyň energetika ulgamyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek boýunça gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça göçme forum geçirildi.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň “Merkezi Aziýa — Hytaý” görnüşindäki dördünji duşuşygyna gatnaşmagyň çäklerinde 26-njy aprelde Sian şäherinde geçirilen ikitaraplaýyn gepleşiklerde türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 27-nji aprelde ministrler duşuşygynyň netijeleri boýunça Maglumat beýanatyna hem-de mejlisiň Teswirnamasyna gol çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça aprel aýynyň ahyrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen-german gatnaşyklaryny mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilen duşuşyklar geçirildi.

Geçen aýyň syn berlen wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar», Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe ilerletmek, gyzyklanma bildirýän döwletler bilen türkmen halkynyň hem-de dünýäniň ähli halklarynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça syýasaty bilen baglylykda ministrliklerdir pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işleriň aýdyň subutnamasy boldy.