Türkmenistanly mekdep okuwçylar topary Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersiteti (Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralyp, Astanada (Gazagystan Respublikasy) geçirilen himiýa boýunça 57-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda ýurdumyzyň adyna mynasyp netije gazandylar.
Wekilçilikli toparyň düzümine paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyndan dört okuwçy gatnaşdy we bu okuwçylaryň her biri Watanymyza medal bilen gaýdyp geldiler. Mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Begzada Annaýew kümüş medal gazandy. Bürünç medallara mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Ýakup Annaorazow, Yhlas Jumaýew we 10-njy synp okuwçysy Aýgül Atajanowa mynasyp boldy.
Okuwçylaryň wekilçilikli toparyna mekdebiň himiýa mugallymy Nazar Mämmedow ýolbaşçylyk etdi, ol çagalary abraýly bilim bäsleşigine taýýarlamakda-da köp işler bitirdi. Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen okuwçylary halkara olimpiadada öz ajaýyp zehinlerini we ukyplaryny, bilimlerini we taýýarlyklaryny görkezmek bilen, arzyly medallara mynasyp boldular.
Her ýylda bolşy ýaly, dünýäniň dürli künjeklerinden gelen onlarça ýaş bilgirler himiýa nazaryýeti, çylşyrymly himiki meseleleri çözmek we himiki enjamlar bilen işlemek endikleri boýunça bäsleşdi. Umuman, 57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan, Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Ermenistandan, Gazagystandan, Azerbaýjandan, Täjigistandan, Gyrgyzystandan, Bolgariýadan, Wengriýadan, Türkiýeden, Saud Arabystanyndan, Ysraýyldan, Awstriýadan, Mongoliýadan, Makedoniýadan, Siriýadan, Horwatiýadan, Braziliýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden 113 mekdep okuwçysy gatnaşdy.
57-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň arasynda meşhur we oňa gatnaşýan ýurtlaryň sany ýylsaýyn artýar. Bäsleşik wagtynda dünýäniň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary, mugallymlar, milli toparlaryň ylmy ýolbaşçylary täze ylmy gatnaşyklary, aragatnaşyklary ýola goýmak, gymmatly tejribe alyşmak we himiýa biliminiň ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilige eýe bolýarlar. Şunlukda ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk ýüze çykýar, ýola goýlan özara gatnaşyk berkeýär we ösýär.
Geçen ýyllaryň dowamynda bu olimpiada mekdep okuwçylarynyň arasynda himiýa boýunça dünýä derejesindäki iň möhüm ýaryşlaryň birine öwrüldi; ol özüniň esasy maksadyna – alym himiýaçylaryň täze nesillerini emele getirmäge, şeýle hem himiýa biliminiň giňden ýaýramagyna hyzmat edýär.