Ï Türkmenistanda yssy howa düşmegine garaşylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda yssy howa düşmegine garaşylýar

view-icon 5148
Türkmenistanda yssy howa düşmegine garaşylýar
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Maý aýy tamamlanyp gelýär we tomus howasy ýuwaş-ýuwaşdan bat alýar. Hepdäniň dowamynda Türkmenistanda +38 dereje yssy howa bolar diýlip, çak edilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bulutly howa bolar. Käbir welaýatlarda gysga wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin.

Aşgabatda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +35… +37, gijelerine +25… +23 gradus bolar.

Ahal welaýatynda bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +35… +37, gijelerine +23… +19 gradus bolar.

Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +35… +38, gijelerine +23… +26 gradus bolar.

Mary welaýatynda wagtal-wagtal açylýan bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +37… +39, gijelerine +24… +18 gradus bolar. Dynç günleri yssy howa +36 gradusa çenli ýeter.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +35… +37, gijelerine +23… +19 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda ýagynsyz bulutly howa bolup, temperatura gündizleriine +32… +35, gijelerine +21… +19 gradus bolar.