Ï Ak şäherim – Aşgabat!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ak şäherim – Aşgabat!

view-icon 25524
Ak şäherim – Aşgabat!

– şu şygar astynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär mekdebinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa instituty, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy we metbugat wekilleri gatnaşdy.

Baýramçylyk mynasybetli talyplar mugallymlarynyň ýolbaşçylygynda dürli grafiki usullarda döredilen ündew suratlardyr gurama suratlar görnüşinde döredijilik işlerini taýýarladylar. Şeýle hem, dizaýner bezegli gündelik görnüşindäki zatlar, häzirki zaman enjamlary üçin paýa hem ýasaldy.

Çäräniň myhmanlary orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna şäheriň taryhy, halkymyzyň milli medeni mirasyny gorap saklamak we dikeltmek boýunça alnyp barylýan işler, olaryň goralyp saklanmagynyň geljek nesiller üçin ähmiýeti barada gyzykly gürrüňler berdiler.

Türkmen şahyrlarynyň Aşgabat şäheriniň gözelligine we abadançylygyna bagyşlanan goşgulary okaldy. Aşgabat şäheriniň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen gözellikleri bellenildi.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär mekdebi dizaýn, neşir işleri we žurnalistika ugurlary boýunça geljekki hünärmenleri taýýarlaýar.

Bilşiňiz ýaly, häzirki zaman neşir önümleri, ýurdumyzyň ilatyny we myhmanlaryny senagat, gurluşyk, medeniýet we beýleki pudaklarda gazanylan üstünliklerdir ösüş we täzelikler bilen tanyşdyrýar. Milli edebiýatyň görnükli nusgawy eserleriniň we çagalar edebiýatynyň neşir edilmegine möhüm orun berilýär. Türkmen ýazyjylarynyň köp eserleri dünýäniň dürli dillerinde terjime edilýär.