Ï Futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024 ýaryşynyň saýlama bäsdeşliginde Türkmenistanyň ýaşlar toparynyň (U23) garşydaşlary belli boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024 ýaryşynyň saýlama bäsdeşliginde Türkmenistanyň ýaşlar toparynyň (U23) garşydaşlary belli boldy

view-icon 5686
Futbol boýunça Aziýa Kubogy-2024 ýaryşynyň saýlama bäsdeşliginde Türkmenistanyň ýaşlar toparynyň (U23) garşydaşlary belli boldy

Indoneziýanyň we Taýwanyň milli ýygyndy toparlary şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda geçirilen futbol boýunça ýaşlar (23 ýaşa çenli) Aziýa Kubogy-2024 ýaryşynyň saýlama bäsleşigine atylan bije netijesinde Türkmenistan toparynyň bäsdeşleri diýlip kesgitlenildi.

Bijeden öň ýygyndylaryň 43-si esasy dört toparça bölündi. Soňky Aziýa Kubogy-2022 ýaryşynda uly üstünlik gazanan – ilkinji gezek çärýek finala çykan Türkmenistanyň ýygyndysy Saud Arabystanynyň, Özbegistanyň, Ýaponiýanyň, Awstraliýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Yragyň, Wýetnamyň, Tailandyň, Iordaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndylary bilen bilelikde bir bije sebedine düşdi. Oňa goşulan toparlar 11 saýlama toparça bölündi, olaryň duşuşyklary 2023-nji ýylyň 4-12-nji sentýabry aralygynda 11 ýurtda geçiriljer. Türkmenistan Indoneziýanyň we Taýwanyň ýygyndylary bilen «K» toparça düşdi. Bu topardakylaryň oýunlary Indoneziýada geçiriler.

Galan saýlama toparlarçada:

«A: Iordaniýa (meýdança eýesi), Siriýa, Oman, Bruneý.

«B»: Koreýa Respublikasy (meýdança eýesi), Mýanma, Gyrgyzystan, Katar.

«C»: Wýetnam (meýdança eýesi), Singapur, Ýemen, Guam.

«D»: Ýaponiýa, Bahreýn (meýdança eýesi), Palestina, Pakistan.

«E»: Özbegistan (meýdança eýesi), Eýran, Gonkong, Owganystan.

«F»: Yrak, Kuweýt (meýdança eýesi), Gündogar Timor, Makao.

«G»: BAE, Hindistan, Maldiwler, Hytaý (meýdança eýesi).

«H»: Tailand (meýdança eýesi), Malaýziýa, Bangladeş, Filippinler.

«I»: Awstraliýa, Täjigistan (meýdança eýesi), Laos, Demirgazyk Koreýa.

«J»: Saud Arabystany (meýdança eýesi), Kamboja, Liwan, Mongoliýa çykyş ederler.

Toparçalaryň ýeňijileri, şeýle hem ikinji orny eýlänlerden güýçli dört topar indiki ýyl Katarda geçiriljek Aziýa Kubogy-2024 ýaryşynyň finalyna gatnaşmaga hukuk gazanar. Kataryň ýaşlar ýygyndysy meýdança eýesi hökmünde ýaryşyň soňky tapgyryna göni çykdy.