Ï «Arkadag» AFK Kubogy-2018 ýaryşynyň finalyna gatnaşan topary utdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Arkadag» AFK Kubogy-2018 ýaryşynyň finalyna gatnaşan topary utdy

view-icon 2619
«Arkadag» AFK Kubogy-2018 ýaryşynyň finalyna gatnaşan topary utdy
camera-icon
tff.com.tm

Aşgabatda, Maryda we Türkmenbaşyda geçirilen oýunlar ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 8-nji tapgyryny jemledi.

Esasy üns paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynyň stadionynda geçirilen oýna çekildi, onda häzirki milli çempionatyň medallary ugrunda dalaşgärler – «Altyn asyr» bilen «Arkadag» toparlary duşuşdy. Bu oýundan öň toparlar ýaryşda öňdäki orunlarda barýardylar. AFK Kubogy-2018-iň finalyna gatnaşan «Altyn asyr» 14 utuk bilen ikinji orundady, paýtagtymyzdan 30 km uzaklykda gurulýan döwlet ähmiýetli şäheriniň wekili «Arkadag» futbol topary milli çempionata ilkinji gezek gatnaşýar, ol iň ýakyn basdeşinden 4 utuk öňdedi.

Türkmenistanyň wise-çempiony liderden aratapawudy azaltmak bilen oýna tutanýerli başlady we birinji ýarymda hasaby açdy. Azat Annaýew 18-nji minutda garşydaşlarynyň derwezesine pökgi geçirmäge başardy. Toparlar «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň toparynyň 1:0 hasabynda ýeňşi bilen arakesmä çykdylar .

Şeýle-de bolsa, ikinji ýarym başlan badyna Abdy Bäşimow 47-nji minutda hasaby deňledi - 1:1. Hasap oýnuň esasy wagty tamamlanýança saklandy. Oýun deň gutarjaga meňzeýärdi. Şeýle-de bolsa, oýna berlen goşmaça wagtyň 3-nji minutynda Şanazar Tirkişowyň takyk urgusy myhmanlaryň netijeli hüjümini jemledi.

Oýunyň soňky minutlarynda erjellik bilen 2:1 hasabynda ýeňiş gazanan «Arkadag» 21 utuk toplady we öňdebaryjylygyny berkitdi. «Altyn asyryň» we «Köpetdagyň» öňdebaryjydan 7, Balkanabadyň «Nebitçisiniň» bolsa 8 utugy az.

«Merw» bilen «Energetigiň» Marynyň «Sport toplumy» stadionynda geçirilen duşuşygynda hem ýeňiji goşmaça wagtda belli boldy. 93-nji minutda Arslan Ýusupowyň takyk urgusy «Energetige» 1-0 hasabynda ýeňiş getirdi. Dogrusy, «Merw» oýnuň ikinji ýarymynyň aglaba bölegini 52-nji minutda Azat Orazmuhammedowyň iki sary kartoçkasy sebäpli azlykda oýnady. Şu oýundan soň «Energetik» 6 utuk toplap, 5 utuk bilen 8-nji ýeri eýelän «Merwden» öňe geçdi.

Türkmenbaşynyň «Şagadamy» 7 utuk bilen altynjy orna çykdy, ol öz meýdançasynda «Aşgabat» toparyny 3: 2 hasabynda ýeňdi. Ýeňijilerden Baýram Ataýew (30-njy minutda ) bir, Guwanç Abylow bolsa (60-njy we 67-nji minutlarda) iki pökgi geçirdi. Ýeňilenlerden Söhbet Allanurow (44-nji minutda - 11 metrlik jerime urgusyndan) we Hojanazar Gurbanow (87-nji) jogap pökgüsini geçirdiler.

Çempionatda dördünji gezek ýeňlişe sezewar bolan «Aşgabat» 9 utuk bilen bäşinji orunda galdy.

Bombardirleriň bäsleşiginde uly üýtgeşiklik bolmady. Sekiz tapgyrdan soň 9 pökgi geçiren Didar Durdyýew («Arkadag») öňde barýar. «Altyn asyryň» futbolçylary Myrat Annaýew bilen Wahyt Orazsähedow ondan 4 pökgi az geçirdiler.

Türkmenistan futbol çempionatynyň 9-njy tapgyry 26-njy maýda «Arkadagyň» we «Ahalyň» oýny bilen başlap, 27-nji maýda «Aşgabat» - «Köpetdag», «Nebitçi» - «Merw» we «Energetik» - «Altyn asyr» toparlarynyň oýny bilenem tamamlanar.