Ï Ösüşiň täze belentliklerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ösüşiň täze belentliklerine tarap

view-icon 11745
Ösüşiň täze belentliklerine tarap

«Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly saýlanan eserleriň nobatdaky 15-nji jildi çap edildi. Onda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň dowamynda eden maksatnamalaýyn çykyşlary, ylmy makalalary, söhbetdeşlikleri, şanly wakalar we umumymilli baýramlar mynasybetli halkymyza iberen Gutlaglary ýerleşdirildi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň taýýarlamagynda neşir edilen bu kitap amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ösüşini, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda gazanylýan üstünlikleri açyp görkezýän möhüm ylmy-resminamalaýyn we maglumat-aň-bilim çeşmesi bolup hyzmat edýär. Saýlanan eserleriň “Türkmenistanyň döredijilikli syýasaty — ählumumy parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna” atly bölümi, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar astynda geçen 2021-nji ýylyň möhüm wakalaryna, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramlaryna bagyşlanan wakalary öz içine aldy.

Kitapda ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmagyň we sanlylaşdyrmagyň, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmegiň, ylmy, bilimi, medeniýeti, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek arkaly, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny dowam etdirmegiň ýolunda öňe ilerlemeleri beýan edýän maglumatlar Gahryman Arkadagymyzyň syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini görkezýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ählumumy abadançylygyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine köptaraply mümkinçilikleriň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Milli ykdysadyýetimiziň düzümlerini özgertmek, ony köpugurly esasda ösdürmek, senagatlaşdyrmak, baý tebigy serişdeleri özleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak, eksport ugurly önümleri artdyrmak, obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, sebitara we halkara derejeli häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek ähmiýetli işleriň hatarynda görkezildi.

Neşiriň birnäçe bölümi iri gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň şähergurluşyk-binagärlik durkuny täzelemek meselelerine bagyşlandy. Şeýle hem kitapda ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryndaky möhüm çäreler — medeni we halkara forumlar, sergiler hakynda maglumatlar ýerleşdirildi. Şunda milli mirasy gorap saklamak we wagyz etmek meselelerine möhüm orun berilýär. Milli ylym-bilim ulgamyny özgertmek Gahryman Arkadagymyzyň strategik taýdan oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan, toplumlaýyn, uzak möhletleýin syýasatynyň wajyp ugrudyr. Jemgyýetçilik ösüşiniň özgerdiji kuwwatly güýji bolup, olar ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýärler hem-de Türkmenistany dünýäde ýokary derejede ösen döwletleriň hataryna çykarmagyň esasy şerti bolup hyzmat edýärler. Kitaba girizilen maglumatlaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik ruhunda, ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde, ýaşlarda raýatlyk jogapkärçiligini kemala getirmekde, şeýle hem olary sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmekde ägirt uly ähmiýetiniň bardygyny bellemeli.

Adam hakdaky alada ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Kitapda 2021-nji ýylda amala aşyrylan düýpli özgertmeler beýan edildi. Şol özgertmeler, ilkinji nobatda, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Raýatlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler ýerine ýetirildi — otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan köp sanly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi, döwrebap mekdepler, çagalar baglary, saglyk, medeniýet öýleri, söwda merkezleri hem-de durmuş maksatly desgalar guruldy.

Häzirki wagtda Türkmenistan möhüm logistik merkez hökmünde ykrar edildi. Dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen birnäçe senagat kärhanalary ulanmaga berildi. Ulag-aragatnaşyk, energetika, gurluşyk, oba hojalyk pudaklarynyň ösüşinde täze derejelere ýetildi. Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlarynyň möhüm ugurlaryny, dünýäde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döredijilikli daşary syýasatyny açyp görkezýän maglumatlar okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çeker.

Men biziň birek-birek bilen habarlaşyp, özara bähbitleri nazara almak esasynda, hoşniýetli goňşuçylygyň we hormat goýmagyň köpasyrlyk tejribesine, egsilmez ynsanperwerlik, adamkärçilik gatnaşyklaryna, medeniýetiň, diniň we däp-dessurlaryň umumylygyna daýanyp, öz ýörelgelerimizi açyk we ynanyşmak bilen beýan edip, çözüp bilmejek meselämiziň ýokdugyna ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Munuň şeýledigini kitapda beýan edilen döwlet we hökümet Baştutanlary, dürli halkara korporasiýalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen 2021-nji ýylda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklardyr gepleşikler aýdyň tassyklady. Şolaryň netijeleri boýunça 200-den gowrak hökümetara resminama gol çekildi we möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Olar Türkmenistanyň sebit boýunça goňşulary hem-de dünýäniň beýleki ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary we özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleri açýar.

Ýygyndynyň sahypalarynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşini görkezýän fotosuratlar ýerleşdirilipdir. 2021-nji ýyl Türkmenistanyň dünýä derejesinde eýeleýän ornuny hem-de abraýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze, aýdyň öwüşginleri çaýýan milli we halkara çärelere baý ýyl hökmünde Watanymyzyň senenamasyna girdi. Bu ýyl Watanymyzyň 30 ýyllyk garaşsyz ösüşiniň netijelerini jemlän hem-de onuň mundan beýläk-de yzygiderli ösmeginde täze wezipeleri kesgitlän möhüm sepgit boldy.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen kitap ylmy-maglumat gollanmasy bilen üpjün edildi. Onuň goşundysynda at we geografik görkezijiler, gysgaltmalaryň sanawy ýerleşdirildi.

“Ösüşiň täze belentliklerine tarap” atly neşiriň nobatdaky jildi ýurdumyzda ylmy, aýratyn-da, taryhy, syýasaty, jemgyýeti öwrenişi mundan beýläk-de döredijilik taýdan ösdürmek üçin ägirt uly ylmy-amaly ähmiýete eýedir. Bu neşir Türkmenistanyň syýasatynyň maksatlaryna hem-de wezipelerine çuňňur düşünmäge mümkinçilik berýär we giň okyjylar köpçüligi üçin uly gyzyklanma döreder.