Ï Gahryman Arkadagymyz we Eýranyň Prezidenti söwda-ykdysady we energetika hyzmataşdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gahryman Arkadagymyz we Eýranyň Prezidenti söwda-ykdysady we energetika hyzmataşdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar

view-icon 3525
Gahryman Arkadagymyz  we Eýranyň Prezidenti söwda-ykdysady we energetika hyzmataşdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar

Tähranda iş sapary bilen bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygynyň dowamynda söwda-ykdydady we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada pikir alyşmalaryň çäklerinde taraplar haryt dolanyşygynyň artýandygyny bellediler. Muňa mysal hökmünde käbir görkezijiler getirildi. Şonuň bilen birlikde, bar bolan kuwwatlyklary hem-de bu ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleri doly herekete getirmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, gazyň eksport edilmegine we üstaşyr geçirilmegine, eksportyň we importyň artdyrylmagyna, ulag, elektroenergetika ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleriniň çözgüdini işjeňleşdirmek teklip edildi.

Gaz alyşmak boýunça ýurtlarymyzyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Taraplar bu ugurda bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň zerurdygyny bellediler.

Elektroenergetika hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurdy birleşdirjek Mary — Maşat elektrik geçiriji ulgamyny çekmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigi barada aýdyldy.