Ï Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi — Watanymyzyň abadançylygynyň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi — Watanymyzyň abadançylygynyň kepili

view-icon 3434
Çagalaryň bagtyýar durmuşy we sazlaşykly ösüşi — Watanymyzyň abadançylygynyň kepili

Çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de ukyp-başarnyklaryny doly açmagy üçin şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzyň, halkymyzyň röwşen geljegi ugrundaky uly jogapkärçilige esaslanýan tagallalarynyň baş maksadydyr. Ýaş nesle mynasyp terbiýe bermek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň möhüm, strategik maksatlarynyň biridir. Çagalyk ýyllarynda şahsyýetiň häsiýetleri, ahlak ýörelgeleri hem-de gymmatlyklary, Watana söýgi, milli däp-dessurlara sarpa goýmak, ata-babalarymyzyň wesýetlerine we beýik taglymlaryna eýermek duýgulary kemala gelýär.

1-nji iýunda dünýäniň ähli beýleki döwletlerinde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu sene dünýä bileleşigi bilen raýdaşlygyň, Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary we bähbitleri babatda esas goýujy maksatlaryna, ýörelgelerine ygrarlylygyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyklarynyň sanawyna girizildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1994-nji ýylda BMG tarapyndan 1989-njy ýylda kabul edilen Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa goşuldy hem-de ösüp gelýän nesil üçin has amatly durmuş şertleriniň üpjün edilmeginde öz ýokary jogapkärçiligini tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli ýaş türkmenistanlylara iberen Gutlagynda: “Çagalar biziň kalbymyzyň buýsanjy, öýlerimiziň ýaraşygy, bagtyýar durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamatydyr. Şoňa görä-de, Diýarymyzda erkana ýaýnaýan bagtyýar çagalarymyzyň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys” diýip belleýär. Munuň üçin Türkmenistanda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde soňky ýyllarda maşgala goldaw bermegiň, eneligi we çagalygy goramagyň, ýaş nesilleri terbiýelemegiň, olara bilim bermegiň kanunçylyk taýdan üpjün edilmeginden başlap, bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagyna çenli ygtybarly döwlet ulgamy kemala getirildi.

Döwlet tarapyndan köp çagaly maşgalalara goldaw bermek olaryň hemmetaraplaýyn aladalar bilen gurşalandygynyň bir mysalydyr. Bu çäreler köp çagalylyk ýaly maşgala ýörelgeleriniň has-da berkidilmegini şertlendirdi. Eneleriň we çagalaryň hukuklarynyň, bähbitleriniň kanun taýdan goralmagy babatda degişli kanunçylyk namalarynyň kabul edilmegi, köp sanly durmuş ýeňillikleriniň berilmegi enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça häzirki zaman «Ene mähri» merkezleriniň döredilmegi körpe türkmenistanlylara abadan durmuşy hem-de irki döwürde ýaşlarda doly derejeli ösüşi şertlendirýär. Sebäbi sagdyn bolmak diňe bir adamyň hukuklarynyň biri bolman, eýsem, döwletiň tükeniksiz baýlygydyr, durnukly ösüşiniň zerur şertidir. Zähmete ukyply ilatyň saglygy Watanymyzyň şu gününi, çagalaryň saglygy bolsa onuň geljekki ösüşini üpjün edýär.

Ene süýdi bilen iýmitlendirmek hem-de ganazlyga garşy göreşmek boýunça milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Ýurdumyzyň bäbekhanalaryna «Çaga hoşniýetli garaýyşly hassahana» diýen dereje berildi. Munuň özi Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilermenleri tarapyndan resmi taýdan tassyklanyldy. Türkmenistanda halkara hyzmatdaşlygyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we onuň iri düzümleri, hususan-da, BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu gurama eneligi we çagalygy goramak, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegi, maşgalanyň maddy abadançylygyny ýokarlandyrmak, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny kämilleşdirmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar.

Bedenterbiýe we sport hereketi ýyl-ýyldan giňelýär, belent ruhy gymmatlyklaryň berkarar bolmagyna gönükdirilen giň gerimli terbiýeçilik, aň-bilim işleri alnyp barylýar. Ýurdumyzda çagalaryň sagdyn, howpsuz, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmagy üçin şertleri özünde jemleýän durmuş gurşawy kemala getirildi. Ähli häzirki zaman okuw-terbiýeçilik maksatnamalary, bilim özgertmeleri, uly möçberdäki döwlet maýa goýumlary bilim bermäge, saglygy goraýşa, sportuň hem-de ugurdaş düzümleriň ösdürilmegine gönükdirilendir. Häzirki wagtda Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, doly derejeli dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär. Olar döredijilik gurnaklary, sport zallary, başlangyç kompýuter sowatlylygy we daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglar bilen üpjün edilendir.

Bu ugurda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän çäreler Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de yzygiderli häsiýete eýe bolan köpýyllyk giň gerimli işleriniň mynasyp dowamy bolup durýar. Türkmen halkynyň belent ruhy ýörelgelerine eýermek bilen, ýurdumyzda dürli sebäplere görä çylşyrymly durmuş ýagdaýyna düşen adamlara goldaw berilýär. Döwletimiz ýetim çagalaryň hem-de ene-atanyň howandarlygyndan mahrum bolan çagalaryň kanuny bähbitleriniň, goragynyň üpjün edilmegini hukuk taýdan kepillendirýär. Şeýle hem aýratyn durmuş goldawyna mätäç ýaş nesliň jemgyýetde uýgunlaşmagyna, olaryň özbaşdak durmuşa taýýarlygyna gönükdirilen goldawy berýär. Şu maksatlar bilen, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyna laýyklykda, bu gazna ony esaslandyryjy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.

Gaznanyň milli we daşary ýurt pulunda açylan bank hasaplaryna raýatlardan hem-de ýuridik taraplardan yzygiderli ýagdaýda pul serişdeleri gelip gowuşýar. Olar çagalara tölegli lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermäge, olaryň doly derejeli dynç almagy üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, beýleki degişli hajatlara gönükdirilýär. Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda dürli operasiýalary geçirmek, çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde we mekdep-internatlarda terbiýelenilýän hem-de bilim alýan çagalaryň saglygyny bejermek, olar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagy üçin maliýe serişdeleriniň bölünip berilmegi yzygiderli häsiýete eýe boldy.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistany bagtyýar çagalygyň, iň nurana arzuw-hyýallaryň hasyl bolýan ýurdy diýip atlandyrmak bolar. Täsin hem-de bagy-bossanlyga bürenen künjekde ýerleşýän Gökderedäki we Hazaryň kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän häzirki zaman çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezleri munuň aýdyň güwäsidir. Çagalaryň dynç almagy hem-de wagtyny gyzykly geçirmegi üçin ähli şertler döredilen sagaldyş merkezleri ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda-da bina edildi. Ýaňy başlanan tomusky dynç alyş möwsüminde şol ýerlerde çagalara köp sanly gyzykly wakalar, duşuşyklar, medeni we sport çäreleri, aň-paýhas, döredijilik bäsleşikleri garaşýar.

Adatça, Çagalary goramagyň halkara güni baýramçylyk konsertleri, teatr oýunlary, sergiler, bäsleşikler, sport we sagaldyş çäreleri bilen utgaşýar. Şeýle dabaralary jemgyýetçilik guramalary ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, «Çagalar — biziň geljegimiz» diýen şygar astynda guraýarlar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän şu ýylda ýörite baýramçylyga gabatlanyp, sergi-ýarmarkalar, multfilmleriň görkezilişleri, paýtagtymyzyň «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde we Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde çalt okamak boýunça bäsleşik geçiriler. Seýilgählerde, iri medeni-dynç alyş we söwda merkezlerinde, hakykatdan-da, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň ähli medeni-dynç alyş edaralarynda çagalaryň we ene-atalaryň baýramçylyk gezelençleri, dürli bäsleşikler, gyzykly sport ýaryşlary guralar.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli öňde boljak dabaralar körpelere diňe bir unudylmajak täsirleri, şatlyk duýgularyny peşgeş bermek bilen çäklenmän, olary tükeniksiz söýgi bilen gurşap alýan, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, hemmetaraplaýyn bilimli, ýurdumyzyň we halkymyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesli terbiýelemek üçin ähli şertleri döredýän Watanymyza söýgini has-da artdyrmaga-da ýardam berer.