Ï Ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi

view-icon 4634
Ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi

2-nji iýunda ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen mejlisinde möhüm oba hojalyk möwsümine başlamaga ak pata berip, daýhanlara ýurdumyzyň galla meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylary galla oragyna girişdiler. 9-njy iýundan bolsa bu asylly işe Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem girişerler.

Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýarlygy üçin Beýik Biribardan dileg edip, “Çäjiňe bereket!” sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler.

Bu ýyl türkmen gallaçylaryna bölünip berlen 690 müň gektar ýerden bugdaý hasylynyň 1 million 400 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Oba hojalyk ýerleriniň esasy bölegine bugdaýyň ýokary hasylly “Sähraýy”, “Ýolöten — 3”, “Juwan”, “Ýolöten — 1”, “Miras”, “Berkarar”, “Garaşsyzlyk” we “Bitarap” görnüşleri ekildi. Galla oragy möwsüminde ulanyljak bugdaý ýygyjy kombaýnlar, ýokary öndürijilikli tehnikalar gije-gündiziň dowamynda iki çalşykda işledilip, ösdürilip ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamak işinde daýhanlara ýardam bererler.

Şeýle hem galla oragy möwsüminde göçme mehaniki-abatlaýyş toparlarynyň ýüzlerçesi gije-gündizde galla orujylaryň tehnikalary üçin zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary we hyzmatlar bilen üpjün ederler. Galla oragyna gatnaşyjy mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin meýdan düşelgelerinde zerur bolan durmuş şertleri üpjün edilip, bu ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary we göçme söwda nokatlary hem guralar. Bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşamak işini ýük ulaglary üpjün ederler. Galla oragy möwsümi üçin barlaghanalar taýýarlanylyp, olarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan gallanyň hilini anyklarlar.


Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň we il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda welaýatlarda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olaryň dowamynda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek bilen bagly meseleler, işleri anyk we utgaşykly alyp barmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýygnananlar Watanymyzyň rowaçlygyna we abadançylygyna saldamly goşant goşýan ekerançylaryň, oba zähmetkeşleriniň netijeli işlemekleri, mynasyp dynç almaklary ugrunda döredýän şertleri we yzygiderli aladalary üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk toplumynda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeleriň netijesinde bu pudak täze derejelere göterildi. Ýurdumyzda ekerançylyk üçin tarp ýerler netijeli özleşdirilýär, oba hojalyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, hasyl berijiligini ýokarlandyrmak babatda zerur işler alnyp barylýar. Obasenagat toplumynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, tehniki üpjünçiligini ýokarlandyrmak, şol sanda elewatorlaryň, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň hem-de suw desgalarynyň gurluşygyna maliýe serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden yzygiderli satyn alynýan ýokary öndürijilikli döwrebap tehnikalar ak bugdaýyň bol hasylyny almakda uly ähmiýete eýedir.

Oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin döredilýän maliýe-ykdysady mümkinçilikler — öndürilen önümiň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, zerur bolan tehniki hyzmatlaryň, tohumyň, mineral dökünleriň we zyýankeşlere garşy serişdeleriň ýeňillikli şertlerde üpjün edilmegi olaryň öz zähmetiniň netijesine bolan gyzyklanmalaryny artdyrýar. Ýurdumyzda ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli ulanylyşyna, daşky gurşawyň goragyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçiligiň, tohumçylygyň ösdürilmegine, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna we ýokary hünärli oba hojalyk hünärmenleriniň taýýarlanylmagyna uly üns berilýär.

Mundan başga-da, ýurdumyzyň obalarynyň, şäherçeleriniň, etrapdaky şäherleriniň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Ýylyň-ýylyna obalaryň durmuş şertleri ýokarlanýar. Oba hojalyk işinde asyrlaryň içinde toplanan tejribe ylmyň ýeten derejesi we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen utgaşyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge ýardam bermek bilen, toplumyň geljekde-de kadaly ösmegi üçin uly mümkinçilikleri açýar.

Galla oragyna girişmek bilen bagly şu günki guralan dabaralarda dürli oba hojalyk önümlerini, çörek önümlerini we döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny özünde jemleýän sergiler guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.