Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda her ýyl Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Fransiýanyň ilçihanasynyň ýanyndaky Fransiýa instituty bilen bilelikde guraýan fransuz dili boýunça olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
3-7-nji synp okuwçylarynyň arasynda Aşgabat şäherindäki 27-nji mekdebiň okuwçysy Melissa Tribunskaýa birinji, Amaliýa Arutyunowa ikinji, Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Süleýman Guwanjow üçünji baýrakly orunlary eýelediler.
8-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Aşgabat şäherindäki 27-nji orta mekdebiň okuwçylary Ramina Hasanowa birinji, Lidiýa Bagdasarowa ikinji orny eýelediler. Üçünji orna Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýnur Amandurdyýewa mynasyp boldy.
Türkmenistanyň welaýatlarynyň okuwçylary hem ýokary netije görkezdiler.
Olimpiadanyň Baş baýragyny Daşoguzyň 3-nji orta mekdebiniň okuwçysy Serwi Baýramalyýewa eýeledi. Bäsleşigiň birinji baýragyna: Bahar Atajanowa (Türkmenabadyň 3-nji orta mekdebinden), Şeker Şöhradowa (Kerki şäherindäki 36-njy orta mekdebinden), Aganyýaz Mergenow (Mary şäherindäki 10-njy orta mekdebinden) we Gülsenem Nagymowa (Daşoguzyň 10-njy orta mekdebinden) mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ýeňijileriniň arasynda Türkmenistandaky Fransuiýa institutynyň iki okuwçysy - Milana Serdyukowa we Aýnur Kulowa, şeýle hem MLF-Bouygues fransuz mekdebiniň okuwçylary - Ýewangelin Reşow we Serafin U bar. Kiçi we uly synplylar derejesinde çykyş eden bu okuwçylar bäsleşigiň birinji baýragyny eýelediler.
Ýeňijilere Bouygues Türkmen, TotalEnergie we VINCI Construction fransuz kompaniýalarynyň adyndan noutbuklar gowşuryldy. Olimpiadada baýrakly orunlary eýelänlere taslamanyň beýleki hyzmatdaşlaryndan we hemaýatkärlerinden gymmatly baýraklar hem-de sowgatlar gowşuryldy. Olaryň arasynda Türkmenistandaky dürli ýurtlaryň - Ermenistanyň, Rumyniýanyň, Ukrainanyň, Belgiýanyň, Şweýsariýanyň we Kanadanyň ilçihanalary, şeýle hem daşary ýurt şahsy kompaniýalary - Tissot, Bossan Concept, Alliance / Boutique de Paris, La Tartine kafesi we Dessange gözellik salony bar .
Türkmenistanyň fransuz dili öwredilýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda fransuz dili boýunça olimpiada indi bassyr üç ýyl bäri her ýyl okuw ýylynyň ahyrynda, aprel-maý aýlarynda geçirilýär. Paýtagtymyzyň 12 mekdebiniň okuwçylary bäsleşige yzygiderli gatnaşýarlar. Olaryň arasynda Aşgabatda fransuz dilini öwredýän 9 mekdep, şeýle hem Aşgabadyň Halkara mekdebi, MLF-Bouygues fransuz mekdebi we Türkmenistandaky Fransiýa instituty bar.
Şu ýyl olimpiada fransuz dilini öwredýän welaýat mekdepleriniň wekilleri ilkinji gezek gatnaşdylar. Şeýlelik bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden - Daşoguz, Mary, Türkmenabat we Kerki şäherlerinden ýene ýedi mekdebiň okuwçylary bu bäsleşikde fransuz dili boýunça bilimlerini görkezdiler. Türkmen okuwçylarynyň jemi 460-sy şu ýyl olimpiadada çykyş etdi.
Birinji tapgyr synag görnüşinde geçirildi, şeýle hem okuwçylaryň taýýarlyk derejesine fransuz dilinde ýazan diktantlary esasynda baha berildi. Olimpiadanyň ikinji jemleýji tapgyrynda bäsleşige gatnaşyjylara «howa» ýa-da «wagt» manysyny berýän «Temps» temasy boýunça dilden synag teklip edildi. Paýtagtymyzyň okuwçylary üçin olimpiadanyň finaly Aşgabat şäherindäki fransuz dilini öwretmäge ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebinde geçirildi. Welaýatlaryň mekdep okuwçylary soňky synaga onlaýn görnüşde gatnaşdylar.
320 milliondan gowrak adamyň gürleýän fransuz dili jahanda iň köp ýaýran bäşinji dildir. 130 milliondan gowrak adamyň fransuz dilini öwrenýändigi üçin ol iňlis dilinden soň dünýäde ikinji orunda durýar.
Fransuz dili boýunça bäsleşikler ýaşlaryň halkara aragatnaşyk dilini öwrenmäge bolan islegini has-da ösdürmäge we höweslendirmäge, şeýle hem fransuz diliniň, edebiýatynyň, medeniýetiniň we Fransiýanyň taryhynyň giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir.
Fransuz dili boýunça olimpiadalar Türkmenistanda, şeýle hem dünýäniň köp ýurtlarynda geçirilýär, ony fransuz dilinde gürlenilýän ýurtlaryň hyzmatdaşlygy üstünlikli ýola goýlan Frankofoniýa Halkara guramasynyň (FHG) goldamagynda Fransiýanyň wekilhanalary guraýarlar. Häzirki wagtda FHG-ne 88 ýurt agzadyr.