Ï Ýaşlar Magtymguly Pyragy hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaşlar Magtymguly Pyragy hakynda

view-icon 11472
Ýaşlar Magtymguly Pyragy hakynda

Magtymguly Pyragynyň meşhur “Türkmeniň” goşgusyndan “Jeýhun bile bahry-Hazar arasy” diýen ilkinji setiri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň arasynda geçirilen düzme bäsleşiginiň ady boldy.

Institutyň žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy bilen “Ýaş žurnalistler” ylmy hem-de döredijilik gurnagy tarapyndan ýola goýlan bu bäsleşik Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň dünýä inmeginiň 300 ýyllygyna bagyşlandy.

Döredijilik çäresine institutyň dürli ugurlar we hünärler boýunça okaýan talyplary gatnaşdy.

Bäsleşigiň netijesi boýunça, birinji orna halkara žurnalistika fakultetiniň üçünji ýyl talyby Meýlis Sadykow mynasyp boldy. Ikinji orny halkara hukuk fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Oraz Nurlyýew, üçünji orny bolsa halkara žurnalistika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Maýsa Aşyrowa eýeledi. Ýeňijiler we baýrak alanlar döredijilik gözden geçirilişiniň guramaçylarynyň hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynda bellenip geçilişi ýaly, talyplar öz işlerinde Magtymgulynyň döredijiligine şahsy düşünişini, şahyryň eserleriniň häsiýetine we temasyna bolan garaýyşlaryny, iň esasysy bolsa, olary öwrenmäge we derňemäge bolan çuňňur gyzyklanmalaryny giňden görkezdiler. Akyldar şahyryň özboluşly döredijilik dünýäsi, goşgularynyň ajaýyp manysy we terbiýeçilik ähmiýeti bäsleşige hödürlenen talyp eserlerinde giňişleýin öz beýanyny tapdy. Işleriň mazmunynyň çeperçiligi we özboluşlylygy, döredijilik oý-pikirleriň doly beýanynyň yzygiderliligi düzmelere baha bermegiň esasy ölçeglerinden biri boldy.