Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň 4-nji ýyl talyby Kuwwat Mämmedow Hytaýyň Çanşa hem-de Nankin şäherlerinde geçirilen Beýik Ýüpek ýolunyň döredijiligi we mirasy boýunça Halkara ýaşlar forumyna gatnaşdy.
Kuwwat Mämmedow 100-den gowrak dünýä ýurtlaryndan 900-e golaý ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen tematiki bäsleşikde gazanan ynamly ýeňşi netijesinde foruma gatnaşmaga hukuk gazandy.
Halkara ýaşlar forumyny Hytaý Halk Respubliaksynyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli topary, ÝUNESKO-nyň assosiasiýalarynyň, merkezleriniň we klublarynyň Bütindünýä federasiýalary edebiýat we mediasungaty pudagynda ÝUNESKO-nyň döredijilikli şäherleriniň Ulgamyna goşulan we Çanşa hem-de Nankin şäherleriniň ýerli dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlykda gurady. Iri halkara çäresine dünýä ýurtlarynyň 70-sinden 100-den gowrak wekil gatnaşdy.
Forumda ýaşlar duşuşygyň temasyny bilelikde ara alyp maslahatlaşdylar, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýeti we häzirki döwürde tutýan orny, şeýle hem gadymy ýoluň medeni gatnaşyklary hem-de köpdürlüligi barada pikir alyşdylar. Forumyň ilkinji güni oňa gatnaşýanlar üçin Çanşa şäherine we Sian derýasyna tanyşdyrylyş we ýatdan çykmajak täsirli gezelençler guraldy.
Soňra çäre Hytaý şa neberelriniň altysynyň şäheri we Hytaýyň gadymy dört paýtagtynyň biri Nankinde dowam etdi. Hytaýyň bu taryhy we medeni şäherinde Halkara ýaşlar forumynyň çäklerinde oňa gatnaşýanlar öz ýurdunyň medeniýeti we däp-dessurlary barada çykyş etdiler.
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby delegatlara öz taýýarlan wideotanyşdyrylyşynyň esasynda halkymyzyň milli däpleri we ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girýän «Küştdepdi» barada gürrüň berdi. Kuwwat Mämmedowyň çykyşy bu ýere ýygnanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi.
Forumyň barşynda dürli ýurtlaryň ýaşlary taryhy ýerleriň birnäçesine baryp gördüler we Nankin şäheriniň gözel ýerleri bieln tanyşdylar.