Geçen hepdede Jidda şäheri «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» sammitine gatnaşyjylary kabul etdi.
Bu sammit birbada Saud Arabystany Patyşalygynyň Aýlag döwletleri hyzmatdaşlygy geňeşiniň (AADHG) Baştutanlarynyň 18-nji geňeş maslahatyny we «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» görnüşindäki sammitini geçirmegi bilen tapawutlandy. Syýasatşynaslaryň we bilermenleriň pikirine görä, özara gatnaşyklary höweslendirmek we AADHG ýurtlary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek sammitiň esasy maksadydy.
Aýlagdaky arap döwletleri hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Cooperation Council for the Arab States of the Gulf) Bahreýni, Katary, Kuweýti, Birleşen Arap Emirliklerini, Omany we Saud Arabystanyny birleşdirýän halkara sebit guramasydygyny ýatladýarys. 1981-nji ýylda döredilen bu guramanyň esasy maksady – ähli ykdysady, durmuş we medeni işleri utgaşdyrmak, hyzmatdaşlyk we goşulyşmak.
Guramanyň täsiri güýçlendigiçe, ol sebit gatnaşyklary ulgamynda özbaşdak gurama hökmünde çykyş edip ugrady. Mundan başga-da, soňky ýyllarda birleşige agza döwletler arap geosyýasy giňişliginde esasy güýje öwrülip, has saldamly syýasy we ykdysady ähmiýete eýe boldy. Bu olaryň çalt durmuş-ykdysady özgerişleri, möhüm energiýa çeşmelerine eýe bolmagy netijesinde beýleki arap ýurtlaryna garanyňda has ýokary ykdysady ösüşiň gazanylmagy, dolandyryjy düzgünleriň legitimliginiň ýokary derejesine esaslanýan syýasy durnuklylyk bilen baglanyşyklydyr.
Guramanyň işiniň çäklerinde AADHG agza döwletler bilelikdäki tagallalar netijesinde howpsuzlyk ulgamyny gurup, arap dünýäsiniň iň möhüm meselelerinde öz ornuny kesgitlediler, sebit gatnaşyklary ulgamynda öz bähbitlerini goramaga we eýeleýän ornuny ýokarlandyrmaga çalyşdylar.
Olar taryhy taýdan biri-biri bilen ýakyn baglanyşykly, jemgyýetçilik gurluşy hem birmeňzeş we nebit alnyp başlanmazdan öňki döwürde göçegçi çarwadarlyk we deňiz bilen baglanyşykly senet: balyk tutmak, gämi gurluşygy, merjen almak ýaly hojalyk ýörediş işleri hem birmeňzeş halkdyrlar. Olaryň ählisiniň nebit çykarýan ýurtlara öwrülmegi hyzmatdaşlygyň giňelmegine we çuňlaşmagyna getirdi. Olaryň siwilizasiýa-medeni aýratynlyklary bilen arap-musulman dünýäsine degişliligi goşulyşma ýörelgeleriniň ösüşinde ýene bir möhüm bölege öwrüldi.
Ykdysadyýetçi bilermenleriň pikirine görä, soňky döwürde gurama agza ýurtlaryň arasyndaky söwda amallarynyň möçberi esli artdy, bitewi elektrik merkezini we ulaglary: gara ýollary we demir ýollary döretmek boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Ykdysady hyzmatdaşlygyň ýene bir üstünligi, ilkinji nobatda, senagatda bilelikdäki kärhanalary döretmek boldy. AADHG ýurtlary nebit pudagynyň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmagy gazandylar. Suwdan peýdalanmak pudagynda umumy strategiýany işläp düzdüler. Onuň maksady suw serişdelerini gorap saklamak, ykdysady işler netijesinde deňiz suwunyň we topragyň hapalanmagynyň we galyndylaryň zyňylmagynyň öňüni almakdyr. Bulardan başga-da, beýleki ekologiýa taslamalaryna-da üns berilýär.
Bu ýagdaýlar AADHG ýurtlarynyň ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda beýleki sebitler bilen hyzmatdaşlyga islegi öz wagtynda Merkezi Aziýa döwletlerini, şol sanda Türkmenistany AADHG bilen gatnaşyk gurmaga iterdi. Ol geçen ýylyň sentýabr aýynda Riýadda «Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi — Merkezi Aziýa» atly strategik gepleşikleriň ilkinji ministrler (daşary işler ministrleri derejesinde) duşuşygynyň geçirilmegine getirdi. Onuň jemi boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi we 2023—2027-nji ýyllarda söwda, maýa goýum, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen Bilelikdäki hereketleriň meýilnamasynyň (Ýol kartasy) taslamasy işlenip düzüldi.
Şonda bu duşuşyga gatnaşan Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow oňa Türkmenistanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda giň gerimli özara gatnaşyklary kemala getirmegiň ilkinji ädimi hökmünde garaýandygyny aýtdy. Şol ýerde, ýurduň daşary syýasat edarasynyň baştutany türkmen tarapynyň pikirine görä, ýurtlaryň arasyndaky taryhy umumylyga we häzirki döwrüň ýagdaýyna hem-de talaplaryna esaslanýan gatnaşyklar toplumyna tertipleşdirmek, umumy bir ülňä gabatlaşdyrmak we uzak möhletli häsiýet hem-de durnuklylyk bermek barada gürrüň edilýändigini nygtady.
Geçen ýylyň awgust aýynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi, ozaly bilen, söwda-ykdysady, energetika pudaklarynda, suw we azyk howpsuzlygy ulgamynda gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek Ähtnamasyna gol çekilendigini ýatlamak gerek.
Häzirki çäre bolsa sebit hyzmatdaşlygynyň çäginden çykýan wakadyr. Iki sebitiň — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň ilkinji sammiti geçirildi. Ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen sebitara hyzmatdaşlygy üçin güýçli we geljegi uly meýdança döredildi.
Sammitiň işine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Aşgabatda, Jeddä uçmazdan öň Türkmenistanyň Baştutany Saud Arabystany Patyşalygynyň ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça çalt ösýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hemişe dostlukly häsiýete eýedigini belledi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem özara peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini hem belledi.
Türkmenistan we Saud Arabystany abraýly halkara hem-de sebit guramalarynyň we gurluşlarynyň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlyk edýärler. Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu saparynyň we AADHG + Merkezi Aziýa sammitine gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda öndürijilikli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.
Jiddede geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Geňeşe agza ýurtlaryň we Merkezi Aziýa döwletleriniň — Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Gyrgyzystanyň baştutanlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda häzirki wagtda dünýäniň dürli sebitlerinde çylşyrymly halkara-syýasy we ykdysady ýagdaýyň emele gelendigini, bu ýagdaýyň tagallalaryň birleşdirilmegi we emele gelen wehimlere hem-de howplara degerli seslenilmegi talap edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz sammitde teklipleriň we başlangyçlaryň birnäçesini hödürledi. Hususan-da, sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin hemişelik gural — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we AADHG ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Mejlisini döretmegiň maksadalaýykdygy barada pikir beýan edildi. Şeýle hem durnukly logistika infrastrukturasyny, täze ulag-üstaşyr geçelgeleri ösdürmek, «Merkezi Aziýa — AADHG» görnüşde ýurtlaryň ulag komitetini döretmek, energetika boýunça bilelikdäki iş topary döretmek teklip edildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti täze hyzmatdaşlygyň söwda edarasynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşmagyň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Birinji maýa goýum forumyny geçirmek teklip edildi. Saglygy goraýyş, sport we ynsanperwer gatnaşyklar ulgamynda hyzmatdaşlyk barada teklipler beýan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary we çykyşy häzirki döwürde birek-birege hormat goýmagyň hem-de ynanyşmagyň berk binýadyna daýanýan türkmen-saud gatnaşyklarynyň hyzmatdaşlykda, şol sanda onuň täze görnüşinde täze many-mazmuna eýe bolýandygyny aýdyň görkezdi.
Şunda iki dogan halky birleşdirýän, gadymdan gelýän parasatly däp-dessurlaryna ygrarlydygyny görkezýän taryhy taýdan ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumylygy möhüm ýagdaý bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň Baştutanynyň sammite gatnaşmagy, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmekde işjeň orna ygrarlydygynyň, oňa täze itergi hem-de uzak möhletleýin häsiýet bermegi bolsa umumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna bar bolan ykdysady hem-de ynsanperwer mümkinçiligini oňaýly durmuşa geçirmeginiň ýene bir subutnamasy boldy.