Ï Döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen

view-icon 3624

Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmäge, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen durmuş ugurly syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky beýany boldy.

Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 11-nji awgustda ir säher bilen Hazaryň kenarynda welosipedli gezelenç etdi hem-de «Awaza» sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Biziň ýurdumyzda welosiped sportunyň irki wagtdan gaýdýan taryhy bolup, häzirki döwürde köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirmek ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şunuň ýaly çäreler ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ekologik abadançylygyň ýokarlandyrylmagyna hem-de welosiped sportunyň wagyz edilmegine ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli welosipedli gezelenç etmegi ýaşlar üçin nusgalyk bolmak bilen, welosiped sportuny ýurdumyzda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmek boýunça ajaýyp we asylly däbiň başyny başlady. Bu başlangyç watandaşlarymyzyň giň goldawyna eýe bolup, olar ýurdumyzda yzygiderli guralýan giň gerimli sport çärelerine uly höwes bilen gatnaşýarlar.

Soňra döwlet Baştutanymyz «Awaza» köpugurly sport toplumynda türgenleşik enjamlarynyň birnäçesinde dürli maşklary ýerine ýetirdi. Bu toplumda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertleriň döredilendigi bellärliklidir. Ol ýörite döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary netijeli sporty wagyz etmek, sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Ýurdumyzda sportuň we bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine hem-de oňa ilatyň, aýratyn-da, ýaşlaryň işjeň çekilmegine döwlet derejesinde uly üns berilýär. Munuň özi täze taryhy eýýamda öňde goýlan belent maksatlara ýetmegiň esasy şerti bolup durýar.

12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene — Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi. Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlar, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran Konwensiýasy) güýje giren gününde geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bu resminama gol çekilenine 20 ýyl doldy. Munuň özi Awazadaky çäreleriň ähmiýetini artdyrdy hem-de tutuş adamzat üçin ähmiýetli bolan Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegine nobatdaky gezek ýardam berer.

Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Hasyl» myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi — parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat bilen açyldy. Maslahaty döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi gurady.

Utgaşykly görnüşde geçen foruma hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriň hem-de ylmy jemgyýetçiligiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda Hazarýaka döwletleriň, şeýle hem Gruziýanyň, Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň — BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi guraldy.

Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň, beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýandygy bellenildi.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça, şol sanda Hazar ekologiýa maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alyp barýan halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna syn bermek bilen, Hazarýaka döwletleriň hökümetleri tarapyndan tassyklanan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Hazar ekologiýa maksatnamasynyň möhüm üstünligi bolandygyny bellediler. 20 ýyl ozal bu resminamanyň esasyna goýlan halkara hukuk binýady häzirki günde Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze hukuk namalarynyň işlenilip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde öz beýanyny tapýar.

Şunuň bilen baglylykda, Nýu-Ýork şäherinde 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda öz işine başlajak BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe sürjek ileri tutýan garaýyşlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Şolaryň hatarynda Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, şeýle hem birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara meýdança boljak «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek baradaky teklip bar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini hem-de ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýada suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri boýunça sebit Geňeşini döretmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek ugrunda işleri dowam etdirýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen hem-de daşary işler ministrlikleriniň howandarlygynda hereket edýän Hazarýaka döwletleriň ýörite ygtyýarly wekilleriniň derejesindäki yzygiderli geňeşmeleriň mehanizminiň Hazar deňzinde netijeli syýasy dialogyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolýandygy nygtaldy.

Çäk taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod we beýleki tebigy serişdeleriň baý gorlary, oňaýly howa şertleri Hazar deňzi sebitiniň häzirki günde ösen senagat, ulag we şypahana merkezine öwrülmegine mümkinçilik berdi.

Şunuň bilen baglylykda, köp möhüm ugurlarda, şol sanda Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak, artdyrmak we peýdalanmak, söwda gämi gatnawlary, syýahatçylygy ösdürmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbüniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem-de peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Hazary parahatçylygyň we ylalaşygyň mekanyna, halkara strategik durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm bölegine, ähli meseleleri diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, döwletleriň garaşsyzlygyna hem-de çäk bitewüligine hormat goýmak esasynda çözmegiň nusgasyna öwürmek ugrundaky umumy maksatlar özara gatnaşyklaryň kesgitleýji şerti bolup durýar.

Hazaryň biologiýa serişdeleriniň hem-de deňiz gurşawynyň ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak, bu ulgamda ylmy barlaglaryň giň toplumyny geçirmek möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Maslahatyň dowamynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen gatnaşyklaryň ugurlary giňişleýin beýan edildi. Merkez Türkmenistanyň ekologiýa we ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrmaga hem-de sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýar. ÝHHG tarapyndan sebit derejesinde durmuşa geçirilýän möhüm iri başlangyçlaryň we taslamalaryň hatarynda ekologiýa taýdan arassa, «ýaşyl» energiýany ilerletmek bilen birlikde, birnäçe köpugurly wezipeleri çözmäge gönükdirilen «Hazar deňzi sebitinde «ýaşyl» portlara we özara baglanyşyga ýardam bermek» taslamasy aýratyn bellenip geçildi.

Foruma gatnaşyjylar onuň netijelerini jemläp, Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy saklamagyň möhümdigi barada gyzyklanma bildirýän ähli taraplaryň garaýyşlarynyň birdigini nygtap, Hazaryň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek hem-de onuň umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän kuwwatyny ösdürmek işinde halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda pikirlerini beýan etdiler.

Günüň ikinji ýarymynda «Daýanç» myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda amaly-haşam sungaty we deňiz serişdelerinden taýýarlanylan bezeg işleri boýunça iň gowy eserleri döreden çagalara sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Şol işlerde mähriban tebigatyň, Hazaryň deňiz giňişlikleriniň gözellikleri hem-de onuň goýnunda mesgen tutan, ynsanyň goragyna mätäç jandarlaryň gaýtalanmajak dünýäsi beýan edilipdir.

Balkan welaýatynyň döwlet drama teatrynyň artistleriniň, deňiz ýakasynyň çagalar döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilen konsert baýramçylyk agşamynyň ajaýyp jemlenmesi boldy. Milli tanslar we Hazarýaka ýurtlaryň halklarynyň aýdymlary onuň maksatnamasynyň esasyny düzdi.

Mundan başga-da, Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreleriň çäklerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar guraldy.

12-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşdy we iş maslahatyny geçirdi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ulgamlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Arkadag şäherinde ynsan saglygynyň berkidilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegine, hususan-da, şäheriň halkara ülňülere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň işine uly üns berilýär.

Ir bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna bardy we onuň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy, lukmanlaryň hünär derejesi hem-de bejergi alýanlaryň saglyk ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Köpugurly hassahananyň lukmany hassahananyň açylan pursadyndan bäri bu ýerde çylşyrymly operasiýalaryň üçüsiniň geçirilendigini habar berdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň we Arkadag şäher Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy Ý.Işangulyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki döwürde ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegine möhüm üns berilýändigini nazara alyp, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde senagat we önümçilik maksatly desgalar gurlanda, ekologiýa meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak bilen bir hatarda, önümçilik kuwwatlyklarynyň ekologiýa derejesi yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardy. Bu ýerde merkeziň ýolbaşçysy M.Öküzowa alnyp barylýan işler, näsaglaryň saglyk ýagdaýlary barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalaryň alýan bejergileriniň netijeleri bilen gyzyklandy we olaryň ene-atalary bilen gürrüňdeş boldy.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň metjidiniň gurluşygyna badalga berlen ýere bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň garamagyna birnäçe şekil taslamalary hödürlenildi.

Gahryman Arkadagymyz taslamalar bilen tanşyp, olaryň taýýarlanylyşynda bolşy ýaly, gurluşyk işlerinde hem öňdebaryjy dünýä tejribesini ulanmagyň zerurdygyny belledi. Şunda şäheriň ekologiýasyna, binalaryň bezeg işleriniň milli äheňde bolmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde bina ediljek önümçilik desgalarynyň hil derejesine bolşy ýaly, olaryň daşky bezegine, senagat toplumlarynyň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtap, Gahryman Arkadagymyz bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şekil taslamalaryny gözden geçirenden soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Bellenilişi ýaly, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde ähli ugurlar boýunça önümçilik toplumlarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, gündelik sarp edilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmak hem-de hyzmatlar ulgamyny gowulandyrmak maksady bilen işlenip taýýarlanylan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin şertleri döredýär.

Täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda innowasion tehnologiýalaryň, täzeçil usullaryň işjeň ulanylmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň häzirki zaman innowasion senagat toplumy bolan şähere öwrülmelidigine ünsi çekdi.

Umuman, geçen hepdäniň wakalary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döretmegiň we ösüşiň ýoly bilen öňe ynamly gadam urýandygyny aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň asylly we netijeli işleri halkymyzyň rowaçlygynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.