Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasyna (ÝUNESKO) agzalyga kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi.
Daşary işler ministrligi tarapyndan guralan foruma Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahat Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 30 ýylyna syn bermek üçin özboluşly meýdança öwrüldi. Ýurdumyz bu guramanyň doly hukukly agzasy hökmünde halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamakda, ösdürmekde hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde uly işleri durmuşa geçirýär.
Şanly sene mynasybetli ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide ýurdumyzyň şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, milli halk senetçiliginiň eserleri, halylar, bezeg önümleridir saz gurallary görkezildi. Bu eserler türkmen halkynyň baý medeniýetiniň ösüşiniň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, halkymyzyň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan hem-de goralyp saklanýan ruhy gymmatlyklaryny we paýhasyny özünde jemleýär.
Sergide türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerine aýratyn orun berlipdir.
Maslahatdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda Türkmenistanda BMG-niň düzümleri, şol sanda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimize iberen Gutlagynda döwlet Baştutanymyzy hem-de ähli watandaşlarymyzy Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Gutlagda bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň halkara guramalar bilen gatnaşyklary giňeltmegi umumy medeni giňişligi döretmegiň, medeniýetleriň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň bitewi ulgamynyň möhüm bölegidir. Ol ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, eziz Watanymyzyň halkara giňişlikdäki şan-şöhratyny has-da ýokarlandyrmaga amatly şertleri döredýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň çykyşynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanymyza hem-de halkymyza iberen Gutlagynda beýan edilenlere üns çekilip, BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilendigi nygtaldy. Hormatly Prezidentimiziň iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek, olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem ähli tagallalaryň ediljekdigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu ugurda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň bu ýöriteleşdirilen düzümiň maksatdyr wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna güwä geçýär.
Hyzmatdaşlygyň netijelerine syn bermek bilen, maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolan pursadyndan bäri geçen 30 ýylyň dowamynda BMG-niň ýöriteleşdirilen bu düzüminiň halkara medeni hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen birnäçe taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezendigini aýtdylar. Uzak geljek üçin däp bolan özara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigi ýurdumyzda hereket edýän ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň alyp barýan işlerinde hem aýdyň görünýär.
Ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýady hem yzygiderli berkidilýär. Türkmenistan birnäçe möhüm ugurlarda ÝUNESKO-nyň 12 sany Konwensiýasyny tassyklady. Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň aýratyn medeni, taryhy we ekologiýa ähmiýeti bolan tebigy we beýleki ýadygärlikleriň goralyp saklanmagyna hem-de wagyz edilmegine gönükdirilen “Dünýä mirasy” maksatnamasy işjeň durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň çäginde bar bolan köp sanly taryhy-medeni ýadygärlikleriň aýawly goralyp saklanmagyna aýratyn üns berilýär. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýurdumyzdaky ýadygärlikleriň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Olaryň hatarynda umumadamzat gymmatlygynyň üç sany täsin taryhy-medeni ýadygärligi — Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaýyň Parfiýa galalary bar.
Merw Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen iň gadymy şäherleriň biridir. Şol döwürde bu şäher ägirt uly giňişlige uzap, söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşipdir. Köpýyllyk ylmy barlaglaryň netijesinde, Gadymy Merw dünýä medeniýetiniň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi.
Köneürgençde ençeme alymlary, pelsepeçileri we şahyrlary, ussat senetçileri ýetişdiren özboluşly medeniýet kemala gelipdir. Bu ýerde ajaýyp binagärlik ýörelgeleri kämilleşdirilipdir. Häzirki günlere çenli saklanyp galan ýadygärliklerde milli binagärligiň gaýtalanmajak nusgalary şol medeniýetiň aýdyň subutnamalarydyr. Parfiýa şalygynyň paýtagty bolan Gadymy Nusaý galalary uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň we beýleki döwletleriň ylmy barlagçylarynyň ünsüni özüne çekip gelýär. Bu galalar Parfiýa şalygynyň öz döwründe ýeten belent derejesine şaýatlyk edýär.
Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýolunyň Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy we iri şäherleriniň arasyndaky kerwen ýollarynyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna hödürlemek boýunça işler alnyp barylýar.
2011-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna goşuldy. Şondan bäri ýurdumyz onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tagallalara işjeň gatnaşýar.
Şunuň bilen baglylykda, 2015-nji ýylda ýurdumyzyň hödürnamasy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna “Görogly” dessançylyk sungaty girizildi. Türkmen halk döredijiliginiň bu ajaýyp nusgasynyň taryhy-medeni gymmatlyga eýedigini, onuň çeperçilik we estetik ähmiýetiniň ýokarydygyny bellemek gerek. Onda hoşniýetlilik, batyrgaýlyk, wepalylyk, halallyk, dostluga sarpa ýaly milli häsiýetler öz beýanyny tapýar.
Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça 2016-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Efiopiýanyň Addis-Abeba şäherinde Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiň mejlisiniň barşynda Nowruz baýramy bilen bagly meselä garaldy we ol ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.
2017-nji ýylda bu abraýly sanawa “Küştdepdi” aýdym we tans dessury hem goşuldy. Halk döredijiliginiň bu özboluşly nusgasy döwürleriň hem-de nesilleriň arabaglanyşygyny özünde jemläp, halkymyzyň köpasyrlyk ruhy tejribesiniň we däpleriniň häzirki zamanyň döredijilik kuwwaty bilen sazlaşygyny emele getirýär.
2019-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmen milli halyçylyk sungatynyň girizilmegi hem bellärliklidir. Çeperçilik gymmaty bolan halylar türkmen zenanlarynyň zehininden döräp, dünýäde ýokary baha mynasypdyr. Gözelligi, reňkleriniň sazlaşygy bilen hemmeleri haýrana goýýan el halylary halkymyzyň ruhy taýdan özboluşlylygynyň, ägirt uly döredijilik mümkinçilikleriniň çeper beýanydyr.
Türkmen halysynyň gölleri Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny bezäp, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň milli nyşanlarynyň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halyçylyk sungatynyň milli däplerine bagyşlanan kitaplary bu täsin sungaty dünýäde giňden wagyz etmekde uly goşant bolup durýar. Halyçylyk sungatynyň däpleri häzirki günde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Birnäçe daşary ýurt dillerine terjime edilen bu kitaplar dürli döwletlerde okyjylar köpçüliginiň ünsüni çekýär diýlip, çykyşlarda bellenildi.
Şeýle-de ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty hem girizildi. Bu çözgüt 2021-nji ýylyň dekabr aýynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 16-njy mejlisiniň dowamynda biragyzdan kabul edildi.
Geçen ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawynyň üsti türkmen keşdeçilik sungaty, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri hem-de Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleri bilen ýetirildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri bilen duşuşdy hem-de duşuşygyň dowamynda degişli güwänamalar gowşuryldy. Şonda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň abraýly sanawyny giňeltmek işleriniň yzygiderli dowam etdirilýändigi we bu sanawa türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça halkymyzyň ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek, alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly däpleriniň hödürlenilýändigi nygtaldy. Şeýle hem Türkmenistan bu abraýly sanawa “Türkmen keçe sungaty”, “Türkmen demirçilik senedi”, “Türkmen tazysy we elguşy”, “Türkmen milli göreşi”, “Türkmenleriň ýerasty kärizleri we mirapçylyk däpleri” hödürnamalaryny teklip etdi. Bu ugurda paýtagtymyz Aşgabady “Dizaýn” ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna goşmak boýunça işler yzygiderli dowam etdirilýär.
ÝUNESKO bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň dowamynda halkymyzyň baý medeniýetini öwrenmek boýunça giň gerimli, toplumlaýyn işler alnyp barylýar, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Bilelikdäki ylmy maslahatlar, hünärmenler üçin okuw maslahatlary yzygiderli esasda geçirilýär.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ÝUNESKO bilen köpugurly hyzmatdaşlyk giňeldilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Soňky ýyllarda ÝUNESKO-nyň “UNITWIN” halkara maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralary döredildi, ýurdumyzyň alty sany umumybilim berýän mekdepleri ÝUNESKO-nyň assosirlenen mekdepleriniň ulgamyna girizildi. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda ÝUNESKO klublary döredildi. Ýurdumyzda «Adam we biosfera» maksatnamasy boýunça Milli komitet esaslandyryldy, onuň durmuşa geçirilmegi babatda anyk işler ýerine ýetirildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Bütindünýä mirasyny gorap saklamak we giňden ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, ÝUNESKO tarapyndan 1992-nji ýylda döredilen “Dünýäniň hakydasy” halkara maksatnamasy 2021-nji ýyldan bäri ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilýär. Bu ugur boýunça ÝUNESKO-nyň bilermenleri bilen bilelikde geçirilen işleriň netijesinde, ilkinji gezek «Dünýä hakydasynyň» sanawyna Türkmenistan tarapyndan hödürlenilen, türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysy girizildi. Bu baradaky çözgüt şu ýylyň 24-nji maýynda ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde kabul edildi.
Şeýle hem mejlisde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň 46-synyň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly çözgüt kabul edildi, onuň düzümine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygy hem girizildi.
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň sanly tehnologiýalar, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini dolandyrmak, sport we syýahatçylyk ýaly ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary açylýar. Ýurdumyzda durnukly ösüşiň milli, sebitleýin we halkara derejelerinde möhüm orny eýeleýän bu ugurlar boýunça bilelikde alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň strategik taýdan ähmiýetli taslamalaryna has-da işjeň gatnaşmagy üçin, Türkmenistan bu guramada jebisleşdiriji gün tertibini mundan beýläk-de ilerletmegi maksat edinýär. Ylym-bilim we medeni ugurlarda tagallalary artdyrmak, ÝUNESKO-nyň ýaşlar, sport, aragatnaşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi ileri tutulýan meseleleriň hataryndadyr.
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huri, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Rune Kastberg we ÝUNESKO-nyň düzüm bölekleriniň wekilleri öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa BMG-niň düzümleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine Türkmenistanyň goşýan goşandy hem-de netijeli dialogy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Türkmenistanyň şeýle duşuşyklary we forumlary geçirmek üçin şertleri döredýändigi, bu duşuşyklarda dürli meseleler hem-de BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşylýandygy, şu günki maslahatyň hem munuň aýdyň mysalydygy bellenildi.
Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň 30 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň dowamynda ýurdumyzda bu guramanyň maksatlaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem medeni, bilim we ylym kuwwatyny artdyrmakda uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenildi. Munuň özi, aýratyn-da, Türkmenistanyň maddy we maddy däl medeni mirasynyň halkara derejede ykrar edilmegi bilen baglanyşykly meselelere degişlidir.
Daşary ýurtly myhmanlar sebit hem-de dünýä ähmiýetli meseleleri çözmekde ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuny belläp, abraýly düzümleriň, şol sanda ÝUNESKO-nyň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) bilelikdäki işleriniň ählumumy parahatçylygyň, ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam bermäge gönükdirilendigini nygtadylar.
Türkmenistanyň parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça gural hökmünde ynanyşmagy ösdürmek babatdaky başlangyjynyň ähmiýetine hem-de onuň ÝUNESKO-nyň parahatçylyk medeniýetini goldamak boýunça konsepsiýasyna we maksatnamasyna laýyk gelýändigine üns çekildi. Bu ugurda alnyp barylýan işler üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.
Ýygnananlar ählumumy abadançylygy we rowaçlygy üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde medeni-ynsanperwer dialogyň çuňlaşdyrylmagynyň ähmiýetini belläp, ÝUNESKO bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirjekdiklerine ynam bildirdiler.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.