Ï Miwe we gök önümlerden bol hasyl ýygnaldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Miwe we gök önümlerden bol hasyl ýygnaldy

view-icon 4808
Miwe we gök önümlerden bol hasyl ýygnaldy

Tomus paslynda ýurdymyzyň Daşoguz welaýatynda on iki müň tonnadan gowrak hyýar, ýigrimi dört müň tonnadan gowrak pomidor, on müň tonna kelem, on üç müň tonnadan gowrak käşir ýygnaldy.

Bu ekinleri ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplan, esasan, Akdepe etrabynyň daýhanlarydyr. Şeýle hem Boldumsaz etrabynyň oba hojalykçylary gök-miwe önümleriniň öndürilmegine esli goşant goşdular.

Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda on müňlerçe tonna sogan we ýedi ýüz tonnadan gowrak käşir ýygnalmagy meýilleşdirilýär.

Demirgazyk sebitiň ýeralma ösdürip ýetişdirýän daýhanlary hem özlerine berlen tabşyryklary üstünlikli ýerine ýetirip, sekiz müň sekiz ýüz gektar meýdandan bol hasyl ýygnadylar.

Howa şertlerine garamazdan, Daşoguz welaýaty ýurdymyzda iň iri miwe we gök ekinlerini öndürijileriň biridir. Bu ýerde ekin meýdanlaryny we suwy tygşytly ulanmaga, ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň iň ösen agrotehniki usullaryny peýdalanmaga we ýöriteleşdirilen enjamlaryň giň toparyny ussatlyk bilen ulanmaga uly üns berilýär.

Bularyň hemmesi bilelikde, sarp ediş bazaryny ýylyň dowamynda talap edilýän önümler bilen üpjün etmäge we olar üçin amatly bahalary saklamaga mümkinçilik berýär.