Ï AFK-2023/24-iň çempionlar ligasynda «Ahalyň» garşydaşlary kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

AFK-2023/24-iň çempionlar ligasynda «Ahalyň» garşydaşlary kesgitlendi

view-icon 7440
AFK-2023/24-iň çempionlar ligasynda «Ahalyň» garşydaşlary kesgitlendi

Aziýa futbol konfederasiýasynyň klublar arasyndaky esasy futbol ýaryşynyň 42-nji we «AFK Çempionlar ligasy» atlandyrylýan 21-nji oýun üçin Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen bije atyşlygynyň netijesinde, Özbegistanyň «Pakhtakor», Saud Arabystanynyň «Al-Fayha» we BAE-niň «Al-Ain» toparlary Türkmenistanyň «Ahal» toparyna bäsdeş bolup çykdy.

AFK Çempionlar ligasynyň toparlaýyn ýaryşynda geografik taýdan 2 zolaga – Günbatar we Gündogar zolaklara bölünen 40 topar çykyş eder.

AFK Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň bije atyşlygyndan öň «Ahal» «Al-Faisaly» (Iordaniýa), «Istiklol» (Täjigistan), «Mumbai city» (Hindistan) we «Air forse club» (Yrak) klublary bilen bilelikde üçünji sebede düşendigini bellemek gerek. Bu bolsa ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň häzirki çempionynyň şu klublar bilen oýnamak mümkinçiligini aradan aýyrdy. Oňa giren toparlary Günbatar zolakda bäşe böldüler. Netijede, «Ahal» garşydaşlary bilen bilelikde «A» topara düşdi.

Günbatar zolagyndaky beýleki toparlaryň düzümi:

B: «Al-Sadd» (Katar), «Nasaf» (Özbegistan), «Al-Faisaly» (Iordaniýa), «Sharjah» (BAE);

C: «Al-Ittihad» (Saud Arabystany), «Sepahan» (Eýran), «Air forse club» (Yrak), AGMK (Özbegistan);

D: «Al-Hilal» (Saud Arabystany), «Nassaji Mazandaran» (Eýran), «Mumbaý city» (Hindistan), «Nawbahor» (Özbegistan);

E: «Persepolis» (Eýran), «Al-Duhail» (Katar), «Istiklol» (Täjigistan), «Al-Nassr» (Saud Arabystany).

Gündogar zolakda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ýarymgoragçysy Ruslan Mingazowyň oýnaýan Gongkongyň häzirki çempiony «Kitchee» wise-çempion we Koreýa Respublikasynyň Kubogynyň eýesi «Jeonbuk Hyundai Motors», kümüş medalçy we Taýlandyň Çempionlar kubogynyň ýeňijisi «Bangkok United» we Singapuryň wise-çempiony «Lion City Sailorz» bilen bilelikde «F» toparynda oýnar.

Gündogar zolakdaky galan toparlaryň düzümi:

G: «Yokohama F. Marinos» (Ýaponiýa), «Shandong Taishan» (Hytaý), «Kaya FC-Iloilo» (Filippinler), «Incheon United» (Koreýa Respublikasy);

H: «Buriram United» (Taýland), «Wentforet Kofu» (Ýaponiýa), «Melbourne City» (Awstraliýa), «Zhejiang» (Hytaý);

I: «Ulsan Hyundai» (Koreýa Respublikasy), «Kawasaki Frontale» (Ýaponiýa), «Johor Darul Tazim» (Malaýziýa), «BG Pathum United» (Taýland);

J: «Wuhan Three Towns» (Hytaý), «Pohang Steelers» (Koreýa Respublikasy), «Hanoi» (Wýetnam), «Urawa Red Diamonds» (Ýaponiýa).

Aziýanyň baş klub ýaryşynyň toparlaýyn oýunlary 18-nji sentýabrdan 13-nji dekabra çenli geçiriler. Ähli toparlar öz meýdançalarynda we myhmançylykda üç oýun oýnar. Oýunlary 2024-nji ýylyň fewral-aprel aýlarynda geçiriljek 1/8 finala toparlaryň ýeňijileridir hem günbatar, hem gündogar zolaklardan iň gowy 3 topar çykar. Final iki oýunly formatda bolar: 2024-nji ýylyň 11-nji we 18-nji maýynda.

AFK Çempionlar ligasynyň bu ýaryşy «güýz-ýaz» ulgamy boýunça geçýän ilkinji we iň soňky ýaryş bolup, oňa 40 klub gatnaşar. Indiki möwsümden başlap, ýaryşa gatnaşýanlaryň sany 24 topara çenli azalar.

AFK-2023/24 Çempionlar ligasynyň ýeňijisi 2024-nji ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşar, şeýle hem indiki ýaryş üçin ýagdaýy kesgitlener.

Geçen möwsümde AFK Çempionlar ligasynda finalda Saud Arabystanynyň «Al-Hilal» toparyny 2:1 hasabynda utan, Ýaponiýanyň «Urawa Red Diamonds» topary ýeňiji boldy.

Geçen ýyl 19 ýyldan soň, Türkmenistanyň «Ahal» Aziýanyň futbol klublarynyň esasy ýaryşynda ilkinji gezek çykyş etdi. Türkmenistandan, Eýrandan, Katardan we Birleşen Arap Emirliklerinden dört klubuň gatnaşmagynda Jiddada (Saud Arabystany) geçirilen iki aýlawly ýaryşda «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň topary Kataryň «Al-Garafa» toparyny 4:2 hasabynda ýeňmek bilen, AFK Çempionlar ligasynda ilkinji ýeňşini gazandy. Aziýada geçirilen bu abraýly klub ýaryşynyň ilkinji oýnunda AFK-2015 Çempionlar ligasynyň finalçysy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaýly bürünç medalçysy «Şababa Al-Ahli» bilen 1:1 hasabynda deňe-deň oýnap, onuň utuklaryny elinden aldy. Alty oýnuň netijelerine görä bolsa, «Ahal» 4 utuk toplap, «Al-Garafa» (5 utuk), «Şabab Al-Ahli» (10 utuk) we Eýranyň «Fulad» (12 utuk) toparlaryndan soň C toparda 4-nji ýeri eýeledi.

Bu ýyl Türkmenistanyň häzirki çempiony Aziýanyň esasy futbol baýragy ugrunda indi ikinji gezek bäsleşmäge synanyşar.