Ï Awazada Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň balkan tapgyry başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň balkan tapgyry başlandy

view-icon 3367
Awazada Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň balkan tapgyry başlandy
camera-icon
tff.com.tm

Uzak arakesmeden soň Türkmenistanyň futzal Naýbaşy ligasy 12-nji tapgyryň oýunlary bilen täzeden başlady. Onuň Balkan tapgyry – ikinji aýlawyň soňky üç tapgyry – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän sport toplumynda geçirilýär.

Oýun gününiň ilkinji oýnunda «Senagatbank» Daşoguzyň «Turan» toparyny 6:1 hasabynda utup, ynam bilen ýeňiş gazandy. Beýleki iki oýunda ýaryş sanawda öňdeligi eýeleýän ýurdumyzyň wise-çempiony «Kopetdag» «Gumrukçini» – 8:4 hasabynda utdy we Türkmenistanyň häzirki çempiony «Denizçi» TNGIZT-den güýçli boldy 4:1. 

Bu duşuşyklardan soň «Kopetdag» 32 utuk bilen öňdeligi eýeleýär. 23 utuk toplan «Senagatbank» ilkinji üçlüge girýär.

8-nji sentýabrda Türkmenistanyň futzal Naýbaşy ligasynyň 13-nji tapgyrynyň oýunlary geçiriler.