Ï Garaşsyz Watanymyzy şöhratlandyrýan belent sepgitler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Garaşsyz Watanymyzy şöhratlandyrýan belent sepgitler

view-icon 5246

Geçen hepdäniň wakalary Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygyny baýram etmegiň öňüsyrasynda Watanymyzyň durmuşynda gazanylýan üstünlikleri aýdyňlygy bilen beýan etdi. Halkymyzyň agzybirligi we jebisligi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli özgertmeler syýasaty Türkmenistanyň depginli ösüşini üpjün edýär. Ýurdumyzda göz öňünde tutulan meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň şaýady bolýan halkymyz ertirki gününe uly ynam bilen garap, öz öňünde geljek üçin belent maksatlary goýýar.

4-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri, welaýatlarda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň depgini ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hasabatlarda, hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, möhüm möwsüme — bugdaý ekişine we pagta ýygymyna dabaraly girişmäge guramaçylykly taýýarlyk görülýändigi bellenildi. Degişli oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak, daýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, ýeralma, gök-bakja we beýleki ekinlere, şol sanda Daşoguz, Lebap welaýatlarynda şaly, Mary welaýatynda hem gant şugundyry ekilen meýdanlarda ideg işlerine aýratyn üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyz ekerançylar üçin gyzgalaňly möwsümiň guramaçylykly, ýokary hilli, oba hojalyk işleriniň öz wagtynda geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, bugdaý ekişi we pagta ýygymy möwsümleriniň başlanmagy mynasybetli geçiriljek çäreleri ýokary derejede guramagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan desgalaryň gurluşyklarynyň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi bilen bagly aýratyn tabşyryklar berildi.

5-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagatany kabul etdi. Duşuşygyň barşynda ylym we bilim ulgamynda däp bolan türkmen-ýapon gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biz bilim ulgamyny kämilleşdirmekde halkara tejribäniň we gazanylanlaryň ulanylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ylym-bilim babatda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz Sukuba uniwersiteti bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen nygtap, döwrebap bilimli, sazlaşykly ösen we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmekde wajyp bolan bu hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meseleleri şol gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen geçiren duşuşygynyň esasy mowzugy boldy. Söhbetdeşler tejribe alyşmak, ýurdumyzda ýapon dilini, Ýaponiýada türkmen dilini okatmak üçin ýokary tejribeli mugallymlary taýýarlamak babatda mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan döwlet hökmünde nebitgaz we gazhimiýa senagatynda baý tejribesi hem-de döwrebap tehnologiýalary bolan ýapon kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gyzyklanma bildirýär. Wodorod önümçiligi, ýokary tehnologiýalar, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, kibersport ýaly ulgamlar hem geljegi uly ugurlaryň hatarynda bellenildi. Parlamentara gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine-de seredildi.

6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň sekiz aýynda alyp baran işleriniň netijeleri, Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe taýýarlyk işleri hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň degişli ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglarynyň üstünlikli geçirilendigi barada hasabat berildi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekdi. Garaşsyz Watanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarlydyr hem-de dünýäniň döwletleridir halklary bilen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýar. Şu ýörelgelerden ugur alyp, Harby doktrinamyz diňe goranyş häsiýetine eýedir. Bellenilişi ýaly, bu doktrinada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleri mundan beýläk-de kämilleşdiriler, Watanymyzyň goranyş ukyby berkidiler, harby gullukçylaryň, olaryň maşgala agzalarynyň gulluk hem-de ýaşaýyş-durmuş şertleri yzygiderli gowulandyrylar.

8-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Bellenilişi ýaly, geçen döwürde Mejlisiň maslahatlarynyň 3-si geçirilip, Türkmenistanyň Kanunlarynyň 30-sy, Mejlisiň kararlarynyň 36-sy kabul edildi. Hereket edýän kanunlar zerur bolan üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek arkaly konstitusion kanunlaryň hem-de halkara kadalaryň talaplaryna laýyk getirildi.

Şu ýylyň sekiz aýynda jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,2 göterim artdy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,3 göterim artdy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bölek satuw haryt dolanyşygy 9,6 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 2,5 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň sekiz aýynda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 112,6 göterim we çykdajy bölegi 97,9 göterim ýerine ýetirildi. Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,9 göterim artdy. Şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygy alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýakyn geljek üçin ýerine ýetirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekip, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny bellenen möhletlerde taýýarlamagyň zerurdygyny nygtady. Bank ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebitgaz toplumynyň maliýe-ykdysady durnuklylygyny üpjün etmek, onuň önümçilik işini kämilleşdirmek we eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin zerur çäreler görülmelidir. Oba hojalyk toplumynda ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň öňdebaryjy tejribelerini we suw tygşytlaýjy usullary önümçilige giňden ornaşdyrmak, mallardan alynýan önümleriň möçberini artdyrmak boýunça çäreleri görmek möhümdir. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny, senagat we gurluşyk önümçiliginiň çig mal gorlaryny netijeli ulanmak üçin gurluşyk hem-de himiýa kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmak zerurdyr.

Şeýle hem ýolgurluşyk işini ösdürmek, döwrebap ýollary gurmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, ýurdumyzyň içerki we daşarky gatnawlarynda ýolagçy hem-de ýük dolanyşygyny depginli ösdürmek, hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini, howpsuzlygyny üpjün etmek babatda görkezmeler berildi. Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurtlara amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň ugurlaryny we sanyny köpeltmek boýunça täze teklipleri taýýarlamak, awiapetekleri sanly ulgam arkaly satyn almak üçin şertleri gowulandyrmak tabşyryldy.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzdaky bazarlaryň we söwda nokatlarynyň azyk hem-de beýleki zerur harytlar bilen üpjünçiligini hemişe gözegçilikde saklamak, bar bolan önümçilikleri netijeli ulanyp, öndürilýän önümleriň, edilýän hyzmatlaryň möçberini we görnüşlerini artdyrmak zerurdyr.

Ylym-bilim edaralarynyň işini döwrebap guramagyň, olaryň işinde sanly ulgamy giňden peýdalanmagyň, ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi. Sport desgalaryny netijeli ulanmak, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda türkmen wekiliýetiniň 4 — 6-njy sentýabrda Fransiýa Respublikasyna bolan gulluk iş saparynyň netijeleri hem-de hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň mejlisine gatnaşmak üçin 14-15-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasyna boljak iş saparyna görülýän taýýarlyk barada aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip, ähli ugurlar boýunça däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda anyk teklipleri öňe sürýär. Ýurdumyz sebit hyzmatdaşlygy meselelerinde mundan beýläk-de işjeň orny eýelär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň degişli döwlet edaralarynyň terrorçylyga garşy göreşmek boýunça halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň 2023-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklady hem-de beýik akyldar şahyryň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek maksady bilen, ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigi yglan etmek hakynda Karara gol çekdi. Bäsleşigi 2023-nji ýylyň dekabr aýynda jemlemek bellenildi.

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Katar Döwletiniň Doha şäherinde 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabry — 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda «Daşky gurşawyň hatyrasyna «ýaşyl» tebigat» diýen şygar astynda geçiriljek «EKSPO — 2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonyny gurmak barada Karara hem gol çekdi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisde Täze Zelandiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sara Meri Uolşdan ynanç hatynyň kabul edilmegini görkezmek bolar. Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we alyp barýan kanunçylyk işleri bilen tanyşdyryldy.

Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlanan maslahat geçirildi. Çäre ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guraldy.

Dabaraly maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň taryhy, ýaş nesilleriň öňünde durýan wezipeler we borçlar baradaky umumy sapagynyň parasatly mazmuna hem-de akyl-paýhasly pikirlerdir öwüt-ündewlere örän baýdygy nygtaldy. Dabaraly ýagdaýda we uly ruhubelentlikde geçen maslahata gatnaşyjylar hormatly Arkadagymyzyň parasatly pikirleriniň ýaşlary milli ruhy gymmatlyklar esasynda ahlak taýdan terbiýelemekde uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.

6-njy sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekişine bir wagtda girişdiler. Halkymyzyň asylly däbine görä, hormatly ýaşulular ekişe badalga berdiler.

Jogapkärli möwsümiň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň, hormatly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda tejribe sapaklary geçirildi. Olarda ekiş möwsümini guramaçylykly geçirmek, ak ekine ideg etmekde agrotehnikanyň usullaryny we öňdebaryjy tejribäni ulanmaga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň sergisi guraldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna bagyşlanan çäreler toplumyny däp boýunça «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň konserti açdy. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçýän şu ýylda döredijilik gözden geçirilişi Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasyndaky» «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirildi.

Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna aýry-aýry aýdymçylar, tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdylar. Öňlerinde milli sungatymyzyň şöhratyny belende götermek wezipesi duran «ýyldyzjyklar» geljekde diňe bir özleriniň ukyp-başarnyklarynyň dürli ugurlaryny däl, eýsem, baý milli aýdym-saz medeniýetimizi hem köpöwüşginliligi bilen açyp görkezerler. Çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisi ýadygärlik sowgatlaryna mynasyp boldular.

9-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda badalga aldy. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna 15-nji sentýabrda başlanar.

Ýurdumyz boýunça şu möwsümde gowaça üçin 580 müň gektar ýer bölünip berlip, pagtanyň “Ýolöten — 7”, “Ýolöten — 39”, “Jeýhun”, “S-2606”, “Daşoguz — 120”, “Gubadag — 3”, “149-F”, “Ýolöten — 14” ýaly görnüşleri ýaz aýlarynda ekildi. Ýetişdirilen hasyly ýygnamakda pagta ýygyjy kombaýnlar, çig maly daşamakda bolsa ýük awtoulaglary, traktorlar we olaryň tirkegleri işlediler.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän özgertmeler syýasatynyň esasy ugurlaryny şöhlelendirdi. Durnuklylygy we howpsuzlygy, eziz Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bu syýasatyň baş maksadydyr.