Ï Aşgabatda Russiýanyň Kiçi teatrynyň iki spektakly görkeziler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Russiýanyň Kiçi teatrynyň iki spektakly görkeziler

view-icon 2857
Aşgabatda Russiýanyň Kiçi teatrynyň iki spektakly görkeziler

«Uly gastrollar» taslamasynyň çäklerinde Russiýanyň Kiçi akademiki döwlet teatrynyň döredijilik topary ýurdumyzyň paýtagtynda çykyş eder.

Russiýanyň belli teatry tomaşaçylara «Öýleniş» we «Ülje bagy» spektakllaryny görkezer.

Nikolaý Gogolyň adybir pýesasy esasynda sahnalalaşdyrylan spektakl indi ýüz ýyldan gowrak wagt bäri Kiçi teatryň repertuarynda möhüm orun eýeleýär. Ynjyk gyz, şowsuz ýigitler, çemeçil sawçylar hakynda ýörgünli spektaklda maşgala gymmatlyklarydyr nika gatnaşyklary temalary gülkünç ýagdaýda görkezilýär.

Oýnuň režissýory – SSSR-iň halk artisti, Russiýanyň Döwlet baýraklarynyň eýesi Ýuriý Solomin.

SSSR-iň halk artisti, Lenin we SSSR-iň Döwlet baýraklarynyň eýesi Igor Ilýinskiniň sahnalaşdyran «Ülje bagy» spektakly Anton Çehowyň Kiçi teatrda goýlan ilkinji eseridi.

Spektaklda özgertmelere garşy çykýan Ranewskileriň we Gaýewleriň dworýan maşgalasy barada gürrüň berilýär. Sentimental ýumşak we gabylsyz köne rus dworýanlaryň döwri ötdi. Olar indi Lopakhinler ýaly çemeçilleriň erjelligine ýol bermeli.

«Ülje bagy» spektakly ozaldan gelýän durmuş ýörelgeleriniň dargamagy bilen baglanşykly çylşyrymly duýgulary görkezýän hekaýat. Spektakl geçmişiň ähmiýeti, şeýle hem täze hakykaty kabul etmegiň zerurlygy hakda pikirlenmäge mümkinçilik berýär.

«Roskonsertiň» Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň Bütinrussiýa gastrol- konsert meýilnamasyna laýyklykda guran “Uly gastrollary” Özbegistanda, Abhaziýada we Belarusda hem geçiriler.