Ï Türkmenistanda Maddy däl medeni mirasyň Halkara güni bellenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda Maddy däl medeni mirasyň Halkara güni bellenildi

view-icon 2618
Türkmenistanda Maddy däl medeni mirasyň Halkara güni bellenildi

Her ýylyň 17-nji oktýabrynda ÝUNESKO agza döwletlerde Maddy däl medeni mirasyň Halkara güni bellenilip geçilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanda birnäçe degişli çäreler geçirildi. 

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda döredilen ÝUNESKO klublary, ÝUNESKO kafedralary we ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler torunyň Türkmenistandaky agza mekdepleri bu senäniň hormatyna türkmen halkynyň özboluşly däplerini gorap saklamaga hem-de wagyz etmäge gönükdirilen dürli çäreleri guradylar. 

Ýurdumyzda ilkinji açylan «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Kluby ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylygynda bu halkara gününi ýurdumyzyň ÝUNESKO Klublarynyň işjeň agzalarynyň, ýolbaşçylyrynyň we dilçi ýaşlaryň gatnaşmagynda giň mazmunly sergileriň, senäniň maksadyny düşündirýän duşuşyklar arkaly belläp geçdi. 

Maddy däl medeni mirasyň halkara gününiniň esasy ýörelgelerini hem-de maksadyny Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly kitaplarynyň mazmunynda giňişleýin beýan edilýän, mukaddes ündewler arkaly wagyz edilýän toý däp-dessurlarymyz, asyrlara ýaň salýan saz sungatymyz, häzirki güne çenli ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen milli gymmatlyklarymyzyň esasynda açyp görkezýän çykyşlar çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Medeni miras: geçmişden geljege» ÝUNESKO kafedrasynyň guramagynda tegelek stoluň başynda kafedranyň agzalary bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar globallaşma şertlerinde maddy däl medeni mirasy gorap saklamagyň häzirki meselelerine we geljegine degişli hem-de bu ugurda Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň hyzmatdaşlygyň ösüşi barada gürrüň berdiler. Şeýle hem, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetiniň eýwanynda Maddy däl medeni mirasyň halkara gününe bagyşlanyp, ÝUNESKO kafedrasynyň işjeň agza talyplarynyň türkmen halkynyň medeni mirasyna bagyşlap ýasan taslama işleriniň sergisi guraldy.

Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň «Parahatçylyk medeniýeti» atly ÝUNESKO klubunyň guramagynda maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda çykyş edenler ýaşlarda medeniýet, öz ýurtlarynyň däp-dessurlary, döredijilik we gözleg alyp barmak işlerinde tejribä eýe bolmak baradaky bilimleriň kemala gelmeginde ÝUNESKO-nyň klubunyň ähmiýeti, Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolan bilim ulgamynda alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Dermanlyk ösümliklerimiz – saglygymyz, mirasymyz» atly ÝUNESKO Klubynyň işjeň agza mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda Maddy däl medeni mirasyň halkara güni mynasybetli «Halkara maddy däl medeni mirasymyz – ÝUNESKO-da» atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. 

Bulardan başga-da, ÝUNESKO-nyñ Assosirlenen mekdepleriniň toruna girizilen ýurdumyzyň, şol sanda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdebinde, Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebinde, Türkmenabat şäherindäki 30-njy orta mekdebinde, Balkan welayatynyň Balkanabat şäheriniň tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebinde, Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa derleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän 26-njy orta mekdebinde Maddy däl medeni mirasyň halkara güni mynasybetli maslahatlardyr, «tegelek stollar», okuw sapaklary, sergiler, kitaphanalara we muzeýlere gezelençler hem-de beýleki degişli çäreler guraldy. 

Bu senäni bellemegiň ähmiýeti medeni dürlüligi gorap saklamagyň, geljekki nesillere özboluşly medeni däp-dessurlary, bilimleri we başarnyklary gorap saklamagyň we ýaýratmagyň möhümdigine ünsi çekmekden ybaratdyr. 

Ýeri gelende bellenilip geçilse, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna halkymyzyň gymmatly mirasy bolan «Görogly dessançylyk sungaty», Türkmenistan tarapyndan birnäçe döwletler bilen bilelikde hödürlenen «Nowruz baýramy», «Küştdepdi aýdym we tans dessury», «Türkmen milli halyçylyk sungaty», «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty», «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» hem-de «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» girizildi we olar bu gün umumadamzat gymmatlyklary hökmünde ykrar edildi.