Ï Professor Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň eserleriniň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Professor Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň eserleriniň sergisi

view-icon 4137
Professor Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň eserleriniň sergisi

Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda şu ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň eserleriniň şahsy sergisiniň dabaraly açylyşy boldy.

Sosiologiýa ylymlarynyň doktory Öwezdurdy Muhammetberdiýewiň kärdeşlerine, dostlaryna, garyndaşlaryna we tanyşlaryna iberen çakylyk hatynyň birinji sahypasynda sünnälenip «Bolşy ýaly» sözi ýazylypdyr. Seslenmeler kitabynda ýazgylaryny galdyranlaryň pikirine görä, awtoryň çeken suratlaryna syn etmegiň özi onuň eserleriniň mazmunyny-manysyny has takyk görkezýän anyk kesgitleme (bolşy ýaly) bolsa gerer. Awtoryň döreden işlerine biragyzdan şeýle baha berilmegi tötänlik däldir. Şol gün Ö.Muhammetberdýewiň şahsyýeti we onuň suratlary hakynda çykyş edenleriň köpüsi professory eneçme ýyldan bäri tanaýan adamlardy. Käbirleri onuň bilen bir mekdepde okasa, beýlekileri ýokary okuw mekdebinde bile bilim alypdylar, ýöne olaryň aglabasy ylym we döredijilik ugrundan pikirdeş adamlardy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory G.Ýusupowa resmi dabarany açyp, Ö.Muhammetberdiýewiň şahsyýetiniň ylmy hem-de döredijilik ugurlaryny belläp geçdi. Sergä gelen köp sanly myhmanlar, institutyň mugallymlary we talyplary awtoryň eserlerine gyzyklanma we höwes bilen syn etdiler. Olar tebigatymyzyň gözelligini şekillendirýän manzarlaryny, döwürdeşlerimiziň portretlerini uzak wagt synladylar.

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden tejribeli diplomatlar, şahyrlar, ýazyjylar, artistler we döredijilik işgärleri Ö.Muhammetberdiýewiň durmuşynyň döredijilik tarapy baradaky pikirlerini beýan etdiler.

Serginiň awtory bolsa öz döredijiligine agras baha berdi: «Sungat ugrundan hünärmen bolmamsoň işlerime surat diýip atlandyrmaga het edip bilmedim. Men diňe dürli reňkler arkaly kalbymyň jümmüşinde dörän kä şadyýan, käte bolsa birneme gussaly käbir duýgylary beýan etmäge çalyşdym. Ony başaranymy-başarmanymy özüm-ä bilemok...» – diýdi.

Awtoryň öz işlerinde wakalara şahsy garaýşyny, gündelik durmuşda görýän zatlaryna özboluşly emosional baha bermegi başarandygyny aýtmak gerek.