Ï Türkmenistanda hususy pudagyň oba hojalyk we maldarçylyk pudagyndaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda hususy pudagyň oba hojalyk we maldarçylyk pudagyndaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 6127
Türkmenistanda hususy pudagyň oba hojalyk we maldarçylyk pudagyndaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy

«Türkmenistanda milli uýgunlaşmany meýilnamalaşdyryş işiniň ösüşi» taslamasynyň çäginde guralan duşuşykda hususy pudagyň oba hojalygyndaky we maldarçylykdaky orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu taslama BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Ýaşyl Howa Gaznasy tarapyndan durmuşa geçirilýär.

Şeýlelikde, döwlet we hususy pudagyň, şeýle hem raýatlyk jemgyýetiň wekilleri howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak üçin öňüni alyş çäreleriň görülmegine hususy pudagy çekmek meselesine garadylar. Duşuşyga gatnaşanlar mülkdar hojalyklarynda suwuň sarp edilişini ölçeýji häzirki zaman enjamlaryň ornaşdyrylmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan meýilnamalaşdyryş işlerine uýgunlaşma çärelerini girizmek arkaly uýgunlaşma mümkinçiligini we howanyň üýtgemegine çydamlylygyny artdyrmagy maksat edinýär.

Oba hojalygynda ulanylýan suwuň 70%-niň suwaryşa sarp edilýändigi göz öňünde tutulsa, suw üpjünçiligine gözegçilik etmek we dolandyrmak zerurlygy birinji derejeli ähmiýete eýedir. Suwy mümkin boldugyça, tygşytly we netijeli ulanmak üçin suwaryşa suw sarp edilişine dykgatly gözegçilik etmek zerurdyr.

Takyklyk derejesi ulanmak üçin saýlanan ölçeg tehnologiýasyna bagly bolýar. Bu bolsa, öz gezeginde, suwaryş ulgamynyň görnüşine we göwrümine baglydyr.