Ï Türkmenistanly agyr atletikaçy Saud Arabystanyda geçýän dünýä çempionatynda itip götermekde bürünç medal gazandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanly agyr atletikaçy Saud Arabystanyda geçýän dünýä çempionatynda itip götermekde bürünç medal gazandy

view-icon 4809
Türkmenistanly agyr atletikaçy Saud Arabystanyda geçýän dünýä çempionatynda itip götermekde bürünç medal gazandy

Türkmenistanly sport ussady Gaýgysyz Töräýew Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçýän agyr atletika boýunça 88-nji dünýä çempionatynda itip götermekde bürünç medal gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bu üstünlige 26 ýurtdan 29 sportçynyň gatnaşmagynda geçýän ýaryşda 81 kilograma çenli Olimpik däl agram toparynda ýetdi. Eýsem-de bolsa, agramlar çekilenden soň, olaryň iň meşhury – dünýä rekordçysy, Rio-de-Žaneýro we Tokio Olimpiadalarynyň çempiony, 2015, 2018 we 2019-njy ýyllarda üç gezek dünýä çempiony bolan hytaýly Şi Çžiýuň ýaryşdan çykaryldy we medallar ugrundaky bäsleşigi 28 sportçy alyp bardy.

Gaýgysyz alty synanyşygyň altysyny hem üstünlikli ýerine ýetirdi. Ol silkip götermekde 11-nji (150 kg), itip götermekde bolsa üçünji (193 kg) netijäni görkezmek bilen, kiçi kümüş medala mynasyp bolan bolgariýaly Božidar Dimitrow Andreýewden 2 kg yza galdy. Netijede, iki ýaryşyň jemi boýunça ildeşimiz bürünç medalçy Muhammadkodir Toştemirowdan (Özbegistan) – 352 kg (164 + 188) 9 kg yza galmak bilen (343 kg), 6-njy orny eýeledi. Kümüş medal Rahmat Erwin Abdulla (Indoneziýa) – 354 kg (145 + 209), altyn medal bolsa asly kubaly italýan agyr atletikaçysy, 2023-nji ýylyň Ýewropa çempiony Oskar Reýes Martinese (Italiýa) – 356 kg (163 + 193) gowşuryldy.

Gaýgysyz Töräýew agyr atletika bilen meşgullanmaga Sakarçäge etrabynda tälimçi Şatlyk Durdygylyjowyň ýolbaşçylygynda başlady. Häzirki wagtda ol milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Mansur Rejebow bilen ussatlygyny artdyrýar.

11-nji aprelde 20 ýaşy dolan Gaýgysyz şu ýylyň iýun aýynda Gawanada geçirilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) Gran Prisiniň Olimpiýa saýlama ýaryşynda kümüş medal gazandy. Ol häzirki dünýä çempionatynda iki ýaryşyň jemi boýunça (343 kg) şahsy rekord goýup, 2022-nji ýylda Manamada (Bahreýn) geçirilen Aziýa çempionatynda gazanan, Kubanyň paýtagtynda geçen Olimpiýa saýlama ýaryşynda bolsa gaýtalan öňki netijesini 24 kg artdyrdy.

Şol agram toparynda Maksat Meredow 319 kg (141 + 178) netije görkezmek bilen, 14-nji ýeri eýeledi.

Häzirki dünýä çempionatyna Türkmenistandan 15 sportçy (10 erkek we 5 aýal) gatnaşýar.

Aýal-gyzlar ýaryşynda 161 kg (70 + 91) netije görkezen Ýulduz Jumabaýewa (agram topary 49 kg çenli) 27-nji, Kristina Şermetowa (59 kg çenli) jemi 181 kg (81 + 100) göterip, 35-nji ýeri eýeledi. Erkekleriň arasynda geçirilen ýaryşda 260 kg (120 + 140) netije görkezen Seýitjan Mirzaýew (61 kg çenli) ýaryşy 27-nji orunda tamamlady. Iki ýaryşyň jemi boýunça jemi 301 kg göteren Bunýad Raşidow 67 kg çenli agram toparynda iň güýçli sekiz türgeniň hataryna girdi. Şol agram toparynda ýaşlaryň arasynda (17 ýaşa çenli) dünýäniň we Aziýanyň wise-çempiony Perhat Bagtyýarow 275 kilogram (120 + 155) netije görkezmek bilen, 14-nji ýeri eýeledi. Şatlyk Şöhradow (89 kg çenli) hem iki maşkyň netijesi boýunça 351 kg (160 + 191 kg) götermek bilen, çykyşyny şol orunda tamamlady.

Häzirki wagtda dünýä çempionaty dowam edýär.