Ï Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi

view-icon 3592
Hormatly Prezidentimiz Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek teklibini öňe sürdi.

Arkadagly Serdarymyz çykyşynda energetikanyň Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysadyýetiniň beýleki bir esasy ugry bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, häzirki wagtda sebitiň içindäki islegleri kanagatlandyrmaga, şeýle hem halkara üstaşyr geçelgeler arkaly dünýä bazarlaryna çykmaga gönükdirilen durnukly energetika hyzmatdaşlyk üçin syýasy-hukuk we ykdysady şertleri döretmek prosesiniň bolup geçýändigi äşgärdir.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň özüniň tebigy gazyny we elektrik energiýasyny Merkezi Aziýa ýurtlaryna we olaryň çäginiň üsti bilen daşarky bazarlara özara bähbitli şertlerde ibermäge taýýardygyny belledi.

Arkadagly Serdarymyz bu teklibe biziň döwletlerimiziň arasynda uzakmöhletli gatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan garamak mümkin diýip hasaplaýandygyny nygtady.

«Şunuň bilen baglylykda, bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze görnüşini – Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Energetika dialogyny döretmek maksadalaýyk hasaplanylýar» diýip, hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda aýtdy.